Daşoguz+26°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Bäsleşigiň döwlet tapgyry

30.04.2026
1
Bäsleşigiň döwlet tapgyry

Garaşsyz ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan düzülen ýaş ýangyn söndürijiler toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň Içeri işler hem-de Bilim ministrlikleriniň yglan eden bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Daşoguz şäherindäki «Garaşsyzlyk» sport desgasynda guralan jemleýji tapgyra ozal Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň derejesindäki bäsleşiklerde üstün çykan toparlar gatnaşdylar. 
Mälim bolşy ýaly, bu bäsleşik birnäçe ýyl bäri mekdep okuwçylarynyň ýangynyň öňüni alyş çärelerini, ýüze çykan halatynda onuň garşysyna göreşmek babatda zerur ukyp-başarnyklary, ýangynyň çalt öçürilmeginiň tärlerini içgin öwrenmeklerine, sagdyn, berk bedenli bolmaklaryna ýardam bermek maksadynda geçirilip gelinýär. Şeýlelikde, şu gezekki bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşan toparlaryň agzalary hem bu babatda örän taýýarlykly bolup, onuň dowamynda öz erjelliklerini, ugurtapyjylyklaryny görkezmäge çalyşdylar. Olar şonda bäsleşigiň şertlerine görä, päsgelçilikli 100 metr, şeýle hem päsgelçilikli 400 metr aralyga estafeta görnüşinde ylgamak, şol aralyklarda bellenen hereketleri ýerine ýetirmek boýunça özara güýç synanyşdylar. Toparlaryň agzalarynyň çalasynlygyna, hereketleriniň dürslügine ýörite eminler anyk baha berdiler. Bäsleşikleriň barşynda ähli görkezijileri hasaba alan eminler toparynyň gelen netijelerine görä, 1-nji orna Daşoguz şäherindäki 24-nji orta mekdebiň, 2-nji orna Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň, 3-nji orna hem Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň ýaş ýangyn söndürijiler toparlary mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Ýangyn amaly-sport Federasiýasynyň göçme Kubogy, degişli derejedäki medallar, şonuň ýaly-da jemgyýetçilik guramalarynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.