Ykdysady ösüşleriň aýdyň nyşany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylýan ösüşler ata Watanymyzyň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem bular barada aýratyn durlup geçildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iki aýynda gazanylan ykdysady ösüşler eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nyşanyna öwrüldi. Bu babatda pul-karz syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini hem bellemek möhümdir. Häzirki zaman ösen jemgyýetimizde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda bank ulgamynyň işiniň netijeli guralmagy möhüm ähmiýete eýedir. Döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň netijesinde bank edaralary tarapyndan ilata hödürlenýän karzlaryň möçberiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge ýardam edýär. Bilşimiz ýaly, döwletimiz tarapyndan ilatyň ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenilendir. Şunda bank edaralary tarapyndan ilata uzakmöhletleýin karz serişdeleriniň berilmegi halkymyz üçin ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligini üpjün etmäge ýardam edýär.
«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» çäklerinde bank edaralarynda sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Döwrümiziň tehnologik mümkinçilikleri häzirki zaman sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň gerimini giňeltmäge ýardam edýär. Şunda bank edaralary tarapyndan «Onlaýn ýüztutma», «Mobil bank», «Internet bank» ýaly sanly hyzmatlaryň ýola goýulmagy bank hyzmatlarynyň sanly ulgam esasynda amala aşyrylmagyna mümkinçilik döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk pudagy ösüşlere eýe bolýar. Oba hojalyk maksatly karz serişdeleriniň berilmegi pudagyň işini üstünlikli ýola goýmaga ýardam edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň şahamçalarynda berilýän oba hojalyk maksatly karz serişdelerini häzirki wagtda netijeli peýdalanýan ýer eýeleri ýerden bol hasyl almakda özleriniň ussatlyklaryny görkezýärler. Ýurdumyzda pul-karz syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bank edaralarynyň işiniň ilerlemegine oňyn täsir edýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy