Daşoguz+28°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Arkadagyň dünýä uzan ak ýoly

17.03.2025
Arkadagyň dünýä uzan ak ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir ýylymyz şanly wakalara, taryhy ähmiýetli çärelere beslenýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda eziz Diýarymyz hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýar. Şanly ýylyň taryhy ähmiýetini wagyz etmekde bolsa döredijilik işgärleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de Daşoguz welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda «Arkadagyň dünýä uzan ak ýoly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen döredijilik duşuşyklary geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerini wagyz etmek maksady bilen, welaýat kitaphanasynda geçirilen döredijilik duşuşygy täsirliligi bilen tapawutlandy. 
Onuň dowamynda «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory Seýitmyrat Geldiýew, Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Annatuwak Kakaýewa, welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Dädebaý Nartyýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kuwwat Çaryýew, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Göwher Ahmedowa, «Daşoguz habarlary» gazetiniň uly habarçysy Gurban Gurbanow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory Çemen Annaberdiýewa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Serdargeldi Gökiýew dagy çykyş edip, Bitarap Türkmenistanyň halkara ähmiýetli öňe sürýän beýik başlangyçlary dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Duşuşygyň dowamynda okalan goşgy setirlerinde ata Watanymyzyň parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde durmuşa geçirýän daşary syýasaty, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen halkymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda amal edilýän beýik işler joşgunly wasp edildi. 
Duşuşygyň dowamynda dünýäniň parahatlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda döwletli tutumlary üstünlikli durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi. 
Şeýle mazmundaky döredijilik duşuşyklary Şabat etrabynyň Dilewar oba medeniýet öýünde, Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde hem geçirildi. Olaryň dowamynda ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärleri çykyş etdiler. Joşgunly çykyşlar bilen utgaşykly ýaňlanan aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň waspy belentden ýetirildi.
 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.