Baglarda sahawat bar

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ajaýyp tebigatyny has-da gözelleşdirmek, baýlaşdyrmak, şonuň ýaly-da «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmak maksady bilen, 2025-nji ýylda ýurdumyzda bag ekmek hakynda Karara gol çekmegi diňe bir bagbanlaryň däl, eýsem, ähli halkymyzyň durmuşynda uly waka boldy. Resminama laýyklykda, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde jemi 3 million düýp saýaly, miweli, pürli hem-de üzüm agaç nahallarynyň ekilmegi göz öňünde tutulyp, bu ugurdaky taýýarlyk çäreleriniň, şeýle haýyr-sahawatly işlere bagyşlanylan möwsümiň ýokary derejede geçirilmegi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň möhüm Karary Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň çäkleriniň tebigatynyň has-da gözel bolmagyna, ýaşyl zolaklaryň, bag-bakjaly meýdanlaryň döredilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň häzirki döwürde ýokary depginde ösdürilýändigini, uly hyjuw bilen dowam etdirilýändigini anyk tassyklamak bilen birlikde, bu babatdaky tagallalaryň giň gerime eýe bolýandygyny alamatlandyrdy. Onuň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, ekilen baglar diňe bir töwerege bezeg bermän, eýsem, howanyň arassa bolmagyna, topragyň düzüminiň, ekologiýanyň gowulandyrylmagyna hem düýpli täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, bag nahallarynyň ýetişdirilmegine, köpçülikleýin ekilmegine şeýle uly ähmiýet berilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda welaýatymyzyň çäklerinde bag ekmek möwsümleriniň her ýyl guramaçylykly geçirilmegi üpjün edilýär. Olarda tejribeli bagbanlarymyzdan başlap, dürli ugurda, kärde zähmet çekýän ildeşlerimiz, ýaşuly hem-de ýaş nesilleriň wekilleri uly işjeňlik görkezýärler. Şonuň netijesinde şäherdir obalarymyzyň görki ýylsaýyn özgerýär, täze baglar, seýilgähler, medeni-dynç alyş mesgenleri peýda bolýar. Bu hem halkymyzyň şol gözelliklere guwanyp, arassa howadan dem alyp ýaşamagynda, saglygynyň berk bolmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň şöhratly ýylymyzda bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek babatda öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatymyzyň degişli edara-kärhanalarynyň işgärleri, bagbanlary tarapyndan derwaýys taýýarlyk işleri berjaý edildi. Şeýlelikde, dürli görnüşli agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi ýetişdirildi, olaryň ekiljek meýdanlary taýýarlanyldy. Munuň özi ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek babatda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidir.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy