© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen şulary ýatladýar:
Söwda kärhanalarynyň halas ediş ýollarynda adamlary ol ýerden tiz wagtyň içinde alyp çykmaga päsgel beriji goşlaryň goýulmagy talabalaýyk däldir. Dükanlaryň, ammarlaryň, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň ýerzemin jaýlarynda partlaýan jisimleri, gazly ballonlary, ýanýan suwuklyklary, durmuş himiýasynyň harytlaryny, aerozol gaply harytlary, şeýle-de olardan edilen önümlerdir ýokary ýangyn howply harytlary saklamak, ownuk söwda nokatlarynda iýmit önümleri öndürilende ýa-da başga maksatlar üçin suwuklandyrylan gaz ballony bilen işleýän enjamlary ulanmak, önümçilik jaýlaryndan, nahar iýilýän otaglardan, iýmit önümleriniň ammarlaryndan elektrik geçirijileri üstaşyr geçirmek, halas ediş ýollarynda süýşürilip, aýlanyp açylýan gapylary, päsgel berijileri, şeýle-de aýlanyp düşülýän merdiwanlary, basgançaklary gurnamak gadagan edilýär. Söwda dükanlary, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary ilkinji ýangyn söndüriji serişdeler bilen üpjün edilip, olaryň iş kadalary ähli işgärlere öwredilmelidir. Elektrik enjamlarynyň awtomatik goraýjysynyň iň pes güýji onuň iş möçberine laýyk bolmalydyr.
Söwda dükanlarynda, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda wagtlaýyn görnüşde elektrik geçirijileri gurnamak hem-de ulanmak gadagan edilýär. Haryt saklanylýan, söwda, kömekçi jaýlarynda, ammarlarynda, kitap, senagat önümleri dükanlarynda elektrik çyralar gorag aýna örtügi bilen üpjün edilmelidir. Zeper ýeten ýa-da daşky örtügi zaýalanan, gorag ukybyny ýitiren elektrik geçirijileri, iýmit taýýarlamak maksady bilen elektrik gyzdyryjy enjamlaryny, jaýlary ýylatmak maksady bilen emeli usulda ýasalan elektrik peçleri, zeper ýeten elektrik birikdirijileridir öçürijileri, beýleki elektrik enjamlaryny ulanmak maksadalaýyk däldir. Ýangyn hadysasy ýüze çykan halatynda telefon arkaly 01, öýjükli telefondan 001 belgä habar bermeli. Ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplarynyň doly ýerine ýetirilmegi jan saglygynyň, emläkleriňiziň ýangyn howpundan goralmagynyň girewidir.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy