Daşoguz+28°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Arkadagyň saglyk sahawaty

24.03.2025
Arkadagyň saglyk sahawaty

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine 4 ýyl dolýar. Döredileninden bäri onçakly köp wagt geçmedik hem bolsa, gaznanyň hasabyna dogabitdi kemislikleri bolan ýüzlerçe çagalaryň saglygyny dikeltmekde asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde hereket edýän hassahanalarda ýüzlerçe çagalara bejergiler we operasiýalar geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde hem çagalara ýokary derejede saglygy goraýyş hyzmatlary amala aşyrylýar. Ýeri gelende bellesek, Özbegistan Respublikasyndan ýigrimi sany «Tiz kömek» awtoulagynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna berilmegi, şol awtoulaglaryň on dört sanysynyň welaýat hassahanalarynyň çagalar bölümlerine, alty sanysynyň bolsa Arkadag şäherindäki saglygy goraýyş edaralarynyň çagalar bölümlerine berilmegi ýurdumyzda eneleriň we çagalaryň saglygynyň ýokary derejede goralýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Geçen ýylda welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine hem gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iň kämil enjamlarynyň biri bolan «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamy sowgat berildi. Bu enjam şol günden başlap, böwrek ýetmezçiligi bolan çagalaryň ençemesiniň sagalmagyna ýardam etdi. Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna amala aşyrylýan ynsanperwer işler ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna, ömür dowamlylygynyň uzaldylmagyna, saglygynyň berkidilmegine gönükdirilýär. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň aladasy hem sahawaty bilen ýürek kemisliklerinden ejir çekýän çagalara zerur serişdeler satyn alnyp, ýüzlerçe çaga hut öz lukmanlarymyz tarapyndan ýüregi açmazdan, az şikesli endowazikulýar usulda operasiýalar geçirilip, olaryň tiz wagtda sagalyp, deň-duşlarynyň arasyna, maşgala ojaklaryna gowuşmaklaryna ýardam edildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna diňe bir ýurdumyzyň çagalaryna däl, eýsem, hemaýata mätäç bolan, dürli betbagtçylyklar zerarly ejir çeken daşary ýurtly çagalara hem yzygiderli kömek-goldawlar berilýär. 
Ýaş nesilleriň bagtyýarlygy, olaryň sagdyn we abadan durmuşyny berkarar etmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.