Daşoguz+28°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Ýaşlaryň hukuklarynyň goraglylygy

25.03.2025
Ýaşlaryň hukuklarynyň goraglylygy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ruhy-ahlak we terbiýe taýdan kämil, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi jemgyýetimiziň, döwletimiziň ösüşlerine oňyn täsirini ýetirýär. Döredijilikli halal zähmet, adam, jemgyýet döwlet sazlaşygyny emele getirýär. Türkmenistanda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň netijeli hereket etmegi giň dünýägaraýyşly, hünärine ökde, kämil ýaşlaryň kemala gelmegine döwlet derejesinde üns berilýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistanda ýaş raýatlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginiň konstitusion derejede üpjün edilmegi ugrunda amala aşyrylýan işler ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döredýär. Olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge ýardam edýär, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, zähmete bolan söýgini terbiýeleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň, ilatyň ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasaty gysga wagtyň dowamynda ata Watanymyzy galkynyşlaryň mekanyna öwürdi. Bu babatda milli kanunçylygyň yzygiderli esasda kämilleşdirilmegi döwür bilen aýakdaş barýan hukuk ulgamynyň kemala gelmegine itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda, durmuş gurýan ýaş çatynjalara berilýän ýeňillikli karzyň möçberiniň artdyrylmagy bu babatda amala aşyrylan ilkinji nobatdaky beýik işleriň biridir. Ol maşgala mukaddesligini berkitmekde, ýaşlaryň döwlet goldawyna bolan mümkinçiliklerini giňeltmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu işleriň ählisi hem hukuk döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň jemgyýetde raýatlaryň hukuklaryndan we azatlyklaryndan gözbaş alýandygyna şaýatlyk edýär. Halk bähbidine gönükdirilen beýik işler hemişe dowamata atarylýar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi babatda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.