Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda gowaça ekişine badalga berildi

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 20-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde oba hojalygynda möhüm möwsüm bolan gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi. Jogapkärli möwsüme ähli welaýatlarda 26-njy martda başlamak bellenildi.
Bilşimiz ýaly, pagtaçylyk milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, pagtany gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda sanly tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu bolsa pudagyň depginli ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Jogapkärli möwsüme badalga bermek dabarasynyň öňýanynda welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Maslahatda welaýatymyzyň häkimi Döwletgeldi Babaýew çykyş edip, gowaça ekişine girişýän oba hojalyk işgärlerini ajaýyp waka bilen gutlady. Soňra il sylagly ýaşulular, oba hojalyk işgärleri çykyş etdiler. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen başlanýan ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň taýýarlygy, kärendeçileriň tohum bilen üpjünçiligi we beýleki guramaçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 145 müň gektara gowaça ekilip, ondan 275 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Şu möwsümde welaýatymyzyň toprak-howa şertlerine gabat gelýän, köp hasyl berýän tohumlar bolan «Jeýhun», «Daşoguz — 114», «Gubadag — 3», «149 — F» ýaly görnüşleri ekiler. Bellenilişi ýaly, gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek maksady bilen möwsümiň dowamynda dürli traktorlaryň 2690-dan gowragy işlediler. Şu ýyl gowaça ekmek boýunça 91 sany daýhan birleşigi hem-de 1000-den gowrak önüm öndürijiler bilen şertnamalar baglaşyldy. Möwsümde 48669 gektarda takyk ekijiler bilen ekiş geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa möwsümiň guramaçylykly we agrotehniki kadalara laýyklykda, öz wagtynda geçirilmegine ýardam eder.
Maslahata gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi babatynda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Soňra il sylagly ýaşulular, oba hojalyk işgärleri welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde olara geçmişde ata-babalarymyzyň döreden ekerançylyk däpleri hakynda täsirli gürrüň berildi. Türkmen oba hojalyk institutynda gowaça ekişine bagyşlanan tejribe okuw sapagy has-da täsirli boldy. Jogapkärli möwsüme badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylar soňra Şabat etrabynyň Biruni adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanyna geldiler. Gowaça ekişine başlanjak meýdanyň töwereginde guralan ak öýler, oba hojalygynyň we dokma senagatynyň ösüş depginlerini görkezýän sergiler köpleriň ünsüni özüne çekdi. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen satyn alnan döwrebap tehnikalaryň görkana hatary pudagyň tehniki üpjünçiliginiň ýylsaýyn ýokarlanýandygyny görkezýär. Ýeri gelende bellesek, soňky ýyllarda sanly ulgam esasynda dolandyrylýan «Monosem» kysymly gowaça ekijileriň birnäçesi satyn alyndy. Takyk gowaça ekijileriň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýändigini hem bellemek gerek. Dabaranyň geçirilýän ýeri türkmen obasynyň keşbinde bezelipdir. El işlerini, milli däplerimizi şöhlelendirýän sergiler dabara özboluşly mazmun çaýdy. Soňra bu ýerde hormatly ýaşulularyň başlap bermeginde gowaça ekişine girişildi. Ata Watanymyzyň rowaçlygy, hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň üstünliklere beslenmegi hem-de daýhanlarymyzyň tohumlarynyň müňlemegi dileg edilip, topraga ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Soňra bu ýerde döwrebap tehnikalar işe girizilip, ekiş möwsümine uly ruhubelentlikde badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň pagtaçy kärendeçileriň ýerden bol hasyl almagy üçin döredip berýän ajaýyp şertleri edermen daýhanlarymyzyň yhlasly işlemäge bolan höwesini artdyrýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar bilen şöhratlanýan şanly ýylda welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri hem öňde goýlan belent sepgidi eýelemek ugrunda yhlasly zähmetini gaýgyrmajakdyklaryny buýsanç bilen gürrüň berýärler. Soňra bu ýerde welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp döwrümizi, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerini joşgunly wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýerine ýetirilen çykyşlar bu ýere gelen myhmanlarda aýratyn uly täsir galdyrdy.
Tohumyňyz müňlesin, edermen pagtaçylar!