© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri has-da rowaçlanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy giňden bellenilýär. Şanly ýylyň ajaýyp senesi mynasybetli welaýatymyzda hem giň gerimli dabaralar geçirildi. Daşoguz şäherindäki saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilen baýramçylyk dabarasy has-da täsirli boldy. Welaýat häkimliginiň, Saglygy goraýyş we Baş bilim müdirlikleriniň bilelikde guran aýdym-sazly çäresine il sylagly ýaşulular, mährem eneler, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa edilen çagalar, bilim, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu ýerde gutlag sözleri bilen çykyş edenler berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk abadançylygyny üpjün etmekde hem-de ynsanperwer ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna möhüm ornuň degişlidigini belläp geçdiler. Soňra bu ýerde welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alan çagalara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Toý sowgadyna mynasyp bolan bagtyýar nesiller özleri barada atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler. Bu ýerde welaýatyň çagalar sungat mekdepleriniň bagtyýar okuwçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary-da ýaýbaňlandyryldy. Ýerine ýetirilen ajaýyp çykyşlarda ata Watanymyzyň beýik ösüşleri, bagtyýar çagalyk, hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlary joşgunly wasp edildi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy