Daşoguz+28°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Ýagty geljegiň binýady

01.04.2025
Ýagty geljegiň binýady

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak maksady bilen, welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň hem-de saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda «Arkadagyň saglyk sahawaty — çagalaryň ýagty geljeginiň binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat köpugurly hassahanasynyň mejlisler zalynda geçirilen maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, saglygy goraýyş işgärleri, operasiýa geçirilen çagalar we olaryň ata-eneleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş edenler Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleri barada aýratyn durup geçdiler. Bilşimiz ýaly, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna welaýatymyzdan 113 çagada operasiýa geçirilip, olaryň saglygy dikeldildi. Çykyş edenler bular barada aýratyn buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem bu ýerde operasiýa geçirilen çagalaryň ene-atalary çykyş edip, çagalarynyň saglygyny dikeltmek üçin beren sahawatly hemaýaty üçin Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny joşgunly beýan etdiler. 
 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.