Daşoguz+28°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Maşgala bagtyýarlygy — döwrüň rowaçlygy

07.04.2025
Maşgala bagtyýarlygy — döwrüň rowaçlygy

Halkymyzyň gadymdan gelýän gymmatly hem asylly ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda täze taryhy döwrümizde döwrebap derejede has-da rowaçlandyrylýar. Maşgala gatnaşyklary bilen bagly asylly işleriň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde durmuşa geçirilmegi şol ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny aýdyň görkezýär. Maşgala mukaddesligini gorap saklamak, abadançylygyny berkitmek, arassa ahlakly, kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýaly wezipeler maşgala babatdaky gatnaşyklaryň esasy özenini düzýär. Döwletiň berkararlygyny, binýadynyň berkligini maşgala agzybirliginde görýän halkymyz islendik döwürde-de oňa uly üns berip gelipdir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli tutumly işleriniň özeninde hem bu ugurdaky tagallalar öz beýanyny tapýar. Ilkinji nobatda, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirýän Maşgala kodeksiniň hereket etmegi, oňa we beýleki degişli kanunçylyklara laýyklykda, her bir maşgala, ösüp gelýän nesil barada ýörite hukuk tertibiniň düzgünleşdirilmegi, eneligi we çagalygy goramak barada uly aladalaryň edilmegi, ýaş maşgalalaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy, olara durmuş ýeňillikleriniň döredilmegi, köp çagaly maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilmegi ýaly döwletli hem tutumly işler aňyrdan gelýän gymmatly ýörelgeleriň häzirki wagtda yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň hakykaty bolup durýar. 
Şeýle asylly tutumlar biziň alyp barýan işimiziň özenini düzüp, maşgala çygryndaky wezipelere amal etmekde uly esas bolýar. Hususan-da, maşgala gurýan ýaşlar bilen iş geçirenimizde döwlet tarapyndan maşgala bagtyny berkarar etmek, onuň gymmatlygyny goramak, her bir maşgalanyň abadançylygyny pugtalandyrmak barada durmuşa geçirilýän işler dogrusynda täsirli söhbet edip, ýaşlaryň maşgala baradaky düşünjesini artdyrmaga, maşgala bolan garaýyşlaryny çuňlaşdyrmaga çalyşýarys. Munuň özi berkarar döwletimizde jemgyýeti has kämilleşdirmek, maşgala binýadynyň berkligini has-da pugtalandyrmak bilen bagly wezipeleriň esasy şerti bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurdaky belent tutumlarynyň durmuş hakykatyny görkezýär. 
 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.