Möwsüme taýýarlyk görülýär

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylda pile öndürmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilişini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, bellenen möçberde çig pile öndürmek tabşyryldy. Welaýatymyzda möwsümde 500 tonna pile öndürmek bellenilip, meýilnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin taýýarlyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy.
«Daşoguzwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginde berlen maglumatlara görä, häzirki wagtda pile kabul ediş bölümlerinde, ýüpek gurçuklarynyň tohumlarynyň örüziljek merkezlerinde, tut ýapraklarynyň ýetişdirilýän meýdanlarynda taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Öňde duran möwsümde welaýatymyz boýunça jemi 13691 guty, başgaça aýdylanda 384,84 kilogram ýüpek gurçuk tohumyny örüzmek, bu işi 67 sany tohum örüziş merkezlerinde amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şol tohumlardan öndürilen ýaş gurçuklaryň ählisiniň ýüpekçilere öz wagtynda paýlanylmagyny, göwnejaý idedilmegini gazanmak, esasan, şu günlerde edilýän tagallalara bagly. Şoňa görä-de, şol merkezlerde abatlaýyş işlerini geçirmek, olary zerur enjamlar, serişdeler, tejribeli hünärmenler bilen üpjün etmek babatdaky çärelere aýratyn ähmiýet berildi. Şonuň ýaly-da, welaýatymyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän jemi 1194 gektardan ybarat tut plantasiýalarynda tut agaçlaryna ideg işleri alnyp barylýar. Piläniň bereketli hasylyny almak, köp babatda, kärendeçi ýüpekçileriň tejribesi, başarjaňlygy, bir söz bilen aýdylanda, ussatlygy bilen baglanyşyklydyr. Şuny nazara almak bilen, häzirki wagtda olar bilen düşündiriş işleri geçirilýär, ýüpek gurçuklaryny idetmek boýunça şertnamalary baglaşmak dowam etdirilýär. Möwsümde 8,5 müňden gowrak pileçi kärendeçiniň ýüpek gurçugyny idetmegi, pile öndürmegi meýilleşdirilýär. Olary sagdyn, öndümli ýaş gurçuklar, ideg işlerinde gerek boljak serişdeler bilen ýeterlik üpjün etmek bellenilýär.
Şeýlelikde, welaýatymyzyň zähmetsöýer pileçileriniň hormatly Prezidentimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ak piläniň bol hasylyny ýetişdirmek barada öňde goýan wezipeleriniň abraý bilen ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy