Halypa mugallymyň guwanjy

Görogly etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň bedenterbiýe mugallymy, zähmet çekip gelýän kyrk ýyldan gowrak döwrüniň dowamynda ençeme şägirtleri ýetişdiren Berdi Berdiýewiň sporta bolan yhlasy agtyklary Şyhnazar we Şanur Berdiýewleri hem gazanýan üstünlikleri bilen maksat-myradyna gowşurdy. Etrapdaky 3-nji sport mekdepde kýokuşinkaý-karate bilen türgenleşýän doganlar düzzüm, küşt, şaşka ýaly paýhas oýunlaryndan hem ezberlik bilen baş çykarýarlar. Sport ussady Hudaýberdi Goşunýazowdan sportuň kýokuşinkaý-karate görnüşi boýunça tälim almaga başlan doganlar ilki etrap, welaýat derejelerinde geçirilýän sport ýaryşlarynda, çempionatlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Sporty öz ýakyn hemrasyna öwren doganlar şu ýyl döwlet derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, ýokary netijeler gazandylar.
Şyhnazar Berdiýew şu ýylyň 22-23-nji fewralynda kýokuşinkaý-karate göreşi boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aşgabat şäheriniň açyk çempionatynda öz agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, birinji orna mynasyp bolýar. Şanur Berdiýew 29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly döredijilik bäsleşiginiň «Türkmen milli oýunlary» ugry boýunça birinji orny eýeläp, Hormat hatyna we gymmat bahaly sowgada mynasyp boldy. Agtyklarynyň gazanan üstünliklerine guwanýan mugallym ýurdumyzyň sport abraýyny belende götermekde, ýaş nesilleriň sporta bolan höweslerini artdyrmakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy