Daşoguz+28°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Mirasa sarpa — Watana söýgi

10.04.2025
Mirasa sarpa — Watana söýgi

Dünýäde ýaşaýan her bir halkyň özüne degişli aýratynlyklary, taryhy geçmişi, özboluşly medeni mirasy bar. Döwletiň medeniýetine, sungatyna baha berlende, ilki bilen, onuň şöhratly geçmişine, baý medeni mirasyna, tanymal şahsyýetlerine, çeper edebiýatyna, görnükli ýazyjy - şahyrlaryna üns berilýär. Täze eýýamda halkymyzyň taryhyny, gadymy däp-dessurlarymyzy, şöhratly ýol-ýörelgelerimizi, milli mirasymyzy dowam etdirmek, nesilden-nesle geçirmek, ýagny ýaşlara öwretmek wajyp mesele bolup durýar. Ýaşlary watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olaryň şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjyny artdyrmakda geljegimize beýik ynamyny berkitmekde muzeýlere uly orun degişlidir
Türkmenistanda muzeýler türkmen halkynyň geçmişini, durmuşyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini, medeniýetini, şekillendiriş sungatyny bir ýere jemläp, olary ylmy taýdan öwrenip, halk köpçüligine ýetirip gelýär. Şabat etrabynyň Sadylla Rozmetow adyndaky şäherçesinde ýerleşen «Zähmete şöhrat» muzeýi 1979-njy ýylyň fewral aýyndan bäri hereket edýär. Muzeý ilki medeniýet köşgüniň içinde bir uly eýwany eýeläp, onda ýerli ilata degişli bolan egin-eşikler, şaý-sepler, öý enjamlary we zähmet gurallary ýerleşdirilipdi. 1981-nji ýylda muzeýde düýpli özgertmeler geçirilip, bir uly eýwan 6 sany kiçi zallara bölündi, her zal özüniň mowzugy we ekspozisiýasy bilen tapawutlanýardy. 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy Sadylla Rozmetowyň tabşyrygy boýunça abatlaýyş, goşmaça gurluşyk işleri geçirilip, muzeýimiziň durky täzelenildi. Şol işleriň netijesinde muzeýde oňat abzallaşdyrylan 7 sany eýwan döredildi. Olar Garaşsyzlyk, taryh eýwany, obamyzyň taryhyna, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna, obamyzyň zähmet weteranlaryna we uruş gahrymanlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy Sadylla Rozmetowa bagyşlanan eýwanlar. Her bir eýwanyň ady bilen baglanyşykly ekspozisiýalar, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, obamyzda ýaşaýan ilatyň geçmişine degişli bolan öý enjamlary, egin-eşikleri, guraldyr esbaplar, dokmaçylykda ulanylýan enjamlar we beýleki taryhy gymmatlyklar bar. Bu ýere gelenler halkymyzyň adatlary, medeniýeti, maldarçylyk, awçylyk, suwarymly ekerançylygyň ýagdaýy bilen bagly maglumatlary alyp bilýärler. Muzeýde obamyzyň taryhy barada maglumatlar, häzirki wagta çenli berlen sowgatlar, Hormat hatlary we resminamalar, 1941-nji ýylda ilkinjileriň hatarynda Watan goragyna giden obadaşlarymyzyň 467-siniň atlary, obamyzyň çäginde doglan we onuň ösüşine özleriniň halal zähmeti bilen goşant goşan zähmet weteranlarynyň we milli gahrymanlaryň 200-den gowragynyň portretleri ýerleşdirilen. 
2022-nji ýylda muzeýimiziň ýene bir eýwany açyldy, bu eýwanda geçmişde daýhançylykda ulanylan esbaplar bilen obamyza kyrkynjy ýyllaryň başlarynda gelen ilkinji traktordan başlap, häzirki wagtda oba hojalygyny ylmy esasda alyp barmak boýunça amala aşyrylýan işler, ösen tehnologiýalaryň, ylmyň we tehnikanyň, öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ekerançylykda toplan baý iş tejribesi bilen utgaşdyrylyp, önümçilige giňden ornaşdyrylyşy barada maglumatlar jemlenendir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli taryhymyz ylmy esasda öwrenilip, halkymyza ýetirilýär we geljekki nesillere miras galmagy ugrunda alada edilýär. Milli mirasymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.