«Galkynyşyň» ganatly menzilleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
— «Galkynyş» toparynyň türgenleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilen halkara bäsleşiklerde baş baýraklara mynasyp bolup, türkmen tuguny belende galdyrdylar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde ýaz ýakymy bolup ata Watanymyza dolan hoş habar her birimiziň kalbymyzda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ýanwar aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga we ýörite baýraklara mynasyp boldy. Gahryman Arkadagymyzyň: «Galkynyş» topary dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp boldy» diýip belleýşi ýaly, bu dünýä belli meşhur topar ozal hem ençeme halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýeledi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde bolan Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp boldy.
Baharyň tämiz ak säherinde dünýä belli bu meşhur topar Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň birleşen toparlary bilen bilelikde goýny üç ýüz altmyş pirli Daşoguz topragyna gadam basdylar. Şäherimiziň gözel künjegindäki halkara howa menzilinde şatlyk-şowhun bilen duz-çörekli garşylanan myhmanlar Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen ulanmaga berlen «Türkmeniň ak öýi» binasyna geldiler. «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň şowhunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Halkymyzda «At agynan ýerde toý bolar» diýlişi ýaly, meşhur toparyň we sirk ussatlarynyň çykyşlarynyň Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenilýän senesinde badalga almagy hem çuňňur mana eýedir. Mälim bolşy ýaly, saglygy berkitmekde ippoterapiýanyň uly ähmiýeti bardyr. Bu ugur mümkinçiligi çäkli çagalaryň dikeldiş bejergisiniň bir usulydyr.
Ine-de, ajaýyp Ak öýüň tomaşalar zaly. Joşgunly çykyşlara syn etmäge, dünýä meşhur toparyň at üstündäki çykyşlaryny gutlamaga gelen bagtyýar ildeşlerimiziň şatlygy toý döwresini has-da görklendirdi. Çünki «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, sirk ussatlarynyň «jadylaýjy» oýunlary her birimiz üçin diýseň gyzykly. Ilkinji bolup çykyş eden bu meşhur toparyň at üstündäki çylşyrymly hereketleri, «Minara» oýny, ylgap barýan ata münüşleri ildeşlerimiziň alkyşyna mynasyp boldy. Ahalteke bedewlerini janyndan eý görýän halkymyz bu çykyşlara irki döwürlerden bäri teşne. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň agzalarynyň aglabasynyň ýaşlardygyny bellemek aýratyn ýakymly. Olaryň her biri bilen söhbetdeş bolanyňda, olaryň halkymyza şeýle ajaýyp çykyşlary görkezmek paýynyň bagtyna düşendigine diýseň begenýändiklerine şaýat bolýarsyň. Olar munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize müňde bir alkyşlaryny beýan edýärler. Üç günläp günde iki wagtyna görkezilen jadylaýjy, joşgunly çykyşlar müňlerçe ildeşlerimiziň kalbynda ýakymly täsirleri galdyrdy. Asla ýatdan çykmajak bu çykyşlaryň syrlylygy her birimiz üçin gyzykly. Şol çykyşlaryň hatarynda žanglýorlaryň, atyň kiçi görnüşi bolan poniniň, klounlaryň gülküli sahnalary täsirliligi bilen tapawutlandy. Welaýatymyza gelen myhmanlaryň hatarynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy Maksat Meretnyýazow, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň agzasy Pena Myratdurdyýew, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň agzasy Ýusup Baýramdurdyýew dagy bu çykyşlaryň ähmiýeti hakynda täsirli gürrüň berdiler. Çagalaryň ertekilerde görýän jadylaýjy hereketleriniň gözümiziň alnynda dürli öwüşginli şuglalaryň astynda ýerine ýetirilmegi, çylşyrymly çykyşlaryň ýüregiňi otdan alyp suwa salşy «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýdirýär.Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň baş baletmeýsteri Ata Agaýew bilen söhbetdeş bolanymyzda welaýatymyzda geçirilen çykyşlaryň ýokary derejede guralandygyny belledi.
Hakykatdan-da, aprel aýynyň 7 — 9-y aralygynda guralan dabaralar şanly ýylyň bedew batly ösüşlerine ganat bekledi. Ildeşlerimiziň toý ruhuny belende göteren çykyşlar olaryň ýüreginde ebedi galdy. Parahatçylygy, dost-doganlygy, ynanyşmagy ýol-ýörelge edinen ata Watanymyzyň abraýyny arşa galdyran «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň we sirk ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa eden ildeşlerimiz hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýdýarlar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy