Daşoguz+28°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Adam hukuklary dabaralanýar

14.04.2025
Adam hukuklary dabaralanýar

Türkmen oba hojalyk institutynda hereket edýän Adam hukuklary boýunça welaýat maglumat merkezinde Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde akkreditirlenen milli adam hukuklaryny goraýjy edaranyň orny» atly okuw maslahaty geçirildi. 
Oňa welaýat we şäher häkimlikleriniň, hukuk goraýjy edaralaryň, gümrük, migrasiýa gulluklarynyň, bilim, saglygy goraýyş, durmuş-ykdysady ugurlara dahylly edaralaryň hünärmenleri, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Adam hukuklaryny üpjün etmek bilen baglanyşykly raýatlaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen maslahatda Türkmenistanyň Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa Adalatçynyň Diwanynyň milli hukuk goraýjy edaralar we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy, ýurdumyzda adam hukuklaryny kämilleşdirmek we netijeli goramak babatda alnyp barylýan ägirt uly işler hakynda täsirli çykyş etdi. Soňra Adalatçynyň Diwanynyň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alyp barýan işleri, Adalatçynyň geçen ýyldaky işleriniň netijeleri hakynda çykyşlar boldy.  Bu okuw maslahaty oňa gatnaşyjylaryň adam hukuklary we olaryň durmuşa geçiriliş ýörelgeleri, Adalatçynyň Diwanynyň garaşsyz adam hukuklaryny goraýan edara hökmünde alyp barýan işleri barada düşünjelerini artdyrmaga mümkinçilik berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam hukuklarynyň dabaralandyrylmagynda, bu ugurda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilmeginde hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alynýar. Maslahata gatnaşyjylar buýsançly çykyşlarynda ýurdumyzda adam hukuklarynyň mizemez binýadyny berkidýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar. 
 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.