Wagyz-nesihat maslahaty

Golaýda welaýat Maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň, welaýat salgyt bölüminiň, şu edaralaryň şäher-etrap bölümleriniň, Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň welaýat bölüminiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda korrupsiýanyň öňüni almak hem-de oňa garşy göreşmek boýunça wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Onda welaýat prokuraturasynyň korrupsiýa garşy göreşmek bölümçesiniň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Mekan Maryýew, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bölüm başlygynyň orunbasary Mährijemal Gelenowa, şu ministrligiň bölümçe başlygy Meýlis Döwletow we beýlekiler çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler ykdysadyýetiň ösüşini bökdeýän korrupsiýanyň öňüni almakda zerur bolan çäreler, bu jenaýatçylykly hereketiň jemgyýetiň berkligine ýetirýän zyýanlary barada gürrüň berdiler hem-de oňa garşy alnyp barylýan işlere goşant goşmagyň her bir adamyň borjy bolup durýandygyny bellediler.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy