Ekiş gyzgalaňly dowam edýär

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşigi gowaça ekişini geçirmekde etrapda öňdäkileriň hatarynda barýar. Birleşik boýunça şu ýyl 1350 gektara gowaça ekmek meýilleşdirilýär. Bu ugurda pagtaçy kärendeçileriň 522-si iş alyp barýar. Traktorlaryň 7 sanysy ekiş geçirmekde öndürijilikli işledilýär. Daýhan birleşiginde ene toprakdan ýylyň-ýylyna «ak altynyň» bol hasylyny öndürmekde baý iş tejribesini toplan kärendeçiler köp. Ilkinjileriň hatarynda gysga wagtyň içinde ekiş geçiren Miwegül Annagurbanowa, Ogulsapar Muhammedowa, Baýram Öräýew, Şamyrat Atagylyjow, Ogulnur Hydyrowa dagynyň atlaryny guwanç bilen agzap geçmek bolar. Meretgeldi Durdyýewiň, Dädebaý Mätiýewiň, Amanmyrat Meredowyň ýolbaşçylygyndaky 3,4,5-nji kärendeçiler toparlarynyň agzalary ekişde öňe saýlanýarlar. Ekişi ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde, agrotehniki talaplara laýyklykda alyp barmak esasy wezipe bolup durýar. Bu babatda birleşigiň baş agronomy Begmämet Käbäýew:
— Daýhan birleşigimiziň edermen daýhanlary gowaça ekişini gysga möhletde bildirilýän talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirmek ugrunda bar bolan ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, gaýratly zähmet çekýärler. Şu ýyl ekiş geçiren meýdanlarymyzdan ýokary hasyl aljakdygymyza ynamymyz uly — diýip, guwanç bilen aýdýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy