© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda welaýat Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşigine degişli bolan Şabat etrabyndaky «Dowardarçylyk» we Görogly etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynyň edermen maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak baradaky meýilnamalaýyn tabşyrygy üstünlikli ýerine ýetirdiler. Maldarçylyk hojalyklarynda jemi 24060 baş owlak-guzy, 851 baş sagdyn köşek alnyp, ýaş mallar dolulygyna ösdürime goýberildi. Munuň özi, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý toýuna maldarlarymyzyň ajaýyp sowgady boldy.
Bu üstünlik, elbetde, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek boýunça kabul edýän kararlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň miwesi bolup, möwsümleýin çärelere jogapkärli çemeleşmäge itergi berýän şertleriň netijesinde amala aşyryldy. Gazanylan üstünlige mynasyp goşant goşan «Garagum» maldarçylyk hojalygynda köp owlak-guzy alan tejribeli çopanlardan Ýazgeldi Pirnyýazowy, Gazakbaý Baýramowy, Abdylla Geldiýewi, köşek almak tabşyrygyny artygy bilen berjaý eden ussat düýe çopanlaryndan Wepa Amankulyýewi, Atamyrat Işankulyýewi, «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygynda ene dowarlary bakýan tejribeli çopanlardan Rejep Halnyýazowy, Gurbanmämet Eminowy, Hajymuhammet Berdiniýazowy, öňdebaryjy düýe çopanlaryndan Aşyr Aşyrowy, Nurmyrat Gurbangulyýewi görkezmek göwnejaý bolar. Olar özlerine berkidilen mallaryň baş sanyny abat saklap, ýylyň bütin dowamynda orta we ýokary semizlikde bolmagyny gazanýan tejribeli çopanlar hasaplanylýar. Maldarlarymyzyň häzirki wagtda öňünde durýan esasy wezipeleriň biri hem alnan ýaş owlak-guzulary, köşekleri sagdyn ösdürip ýetişdirmekden, netijede, ýaş mallaryň hasabyna mallaryň baş sanyny köpeltmekden ybarat bolup durýar. Munuň üçin bolsa ähli şertler bar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy