© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Bilşimiz ýaly, gadymy döwürlerden bäri türkmenler ahalteke atlaryny özlerine abraý we buýsanç saýyp, ony hormatlanýan ömür ýoldaşy hasaplapdyrlar. Taryhy ylymlaryň we hünärmenleriň kesgitlemesine görä, ahalteke tohum atlary öz gözbaşyny gadymy ata-babalarymyzyň döwründen alyp gaýdýarlar. Müňlerçe ýyllardan bäri türkmen öz ömrüni at bilen üznüksiz baglap gelipdir. Ahalteke tohumy ençeme döwürlerden bäri özleşdirilip gelinýär. Owadanlygy, ýyndamlygy, boýunça ahalteke atlaryny janly sungat eseri hasaplap bolar.
Ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda bolan syýahatçylaryň ählisi ahalteke atlaryna göwni gitmek bilen syn edipdirler. Türkmen halkynyň durmuşynda iň uly baýramlaryň biri at çapyşyklar hasaplanýar. Ahalteke atlary düşbi garaýşy bilen tapawutlanýar. Halk arasynda «At eýesiniň gözünden okaýar» diýlip, ýöne ýere aýdylmaýar. Türkmenler söweşde atlarynyň eýesiniň ýaraly ýatan wagty hem ýanynda boljagyny we kömege geljegini bilipdirler. Şol sebäpli bedew türkmen üçin ähli baýlykdan ýokarda bolupdyr. Muňa mysal hökmünde şeýle hakykaty getirmek bolar. Ruslar Hywa hanlygyny basyp alandan soňra, patyşa hökümeti şol ýerde ýaşaýan türkmen taýpalaryna uly salgytlar salypdyr. Tölegleriň möçberiniň aşa köpdügini göz öňünde tutup, patyşalygyň wekilleri ilata öý mallary bilen hasaplaşmaga rugsat beripdirler. Sebäbi patyşa esgerleri ahalteke atlarynyň eýesi bolmagy isläpdirler. Ýöne türkmenler bar bolan pullaryny, beýleki öý haýwanlaryny, altyn-kümüş şaý-seplerini berseler hem, ahalteke atlarynyň birinem bermändirler. Çünki halk arasyndaky «Atyňy ýitirmek — abraýyňy ýitirmek» ýaly parasatly jümle türkmen üçin atyň hemme zatdan gymmatlydygyny aňladýar.
Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, Döwlet tugramyzyň merkezinde ahalteke atynyň şekili ýerleşdirildi. Tugramyzda ýerleşdirilen Ýanardag atly ahalteke bedewi 1999-njy ýylda Moskwa şäherinde Bütindünýä ahalteke atlarynyň arasynda geçirilen sergide dünýäniň çempiony diýlip yglan edildi, türkmen bedewiniň şan-şöhratyny arşa galdyrdy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy