Daşoguz+28°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Bazar bolçulygyna goşant

24.04.2025
Bazar bolçulygyna goşant

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda gök önümleriň bolçulygyny döretmek, olary daşarky bazarlara çykarmak barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine goşant goşmak ugrunda welaýatymyzda alnyp barylýan giň gerimli işlere telekeçiler hem uly goşant goşýarlar. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Uly höwes» hojalyk jemgyýetiniň Şabat etrabynyň çäginde ýerleşýän ýyladyşhanasynda zähmet çekýän işçi-hünärmenler hem yhlaslylyk görkezýärler. Ýyladyşhananyň agronomy Şatlyk Turlyýewiň aýtmagyna görä, bu ýerde, esasan, pomidoryň bereketli hasylyny ýetişdirmek işi öndürijilikli alnyp barylýar. Ýyladyşhanada her ýylda 700 — 750 tonna ýokary hilli pomidor ýetişdirilip, içerki hem-de daşarky bazarlara ugradylýar. 
— Häzirki wagtda ýurdumyzyň gök önümleri, şol sanda ter pomidorlary daşary döwletlere eksport etmekde öňdäki hatarlara çykmagynda goşandymyzyň bardygyna guwanýarys — diýip, Şatlyk gürrüňiniň barşynda nygtady: — Bu babatda ýyladyşhanamyzyň ezber işçilerinden Meretgeldi Gurbanow, Şemşat Abdullaýewa, Kakamyrat Guramedow, Töre Esenow, Çynar Saparowa, Laçyn Abdullaýewa, Malika Begliýewa we beýlekiler gaýratly zähmet çekýärler.  Umumy meýdany 3 gektardan ybarat bolan bu ýyladyşhanada pomidoryň köp hasyl berýän «Bandito» görnüşi ösdürilýär. Bu ýerde ekinlere hyzmat etmekde, esasan, ösen tehnologiýalaryň, döwrebap enjamlaryň kömeginden peýdalanylýar. Bu bolsa derwaýys çäreleriň öz wagtynda, ýokary takyklykda ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär. Ýyladyşhanada işçi-hünärmenleriň 20-den gowragy hasyl ýetişdirmek, ýygnamak bilen meşgullanýar. Olaryň köpüsiniň ýaşlardygyny hem bellemek gerek. Munuň özi bu ýerde zähmet çekýän ýaşlaryň özlerine ynanylan işleri yhlas bilen ýerine ýetirip, tejribe toplamaklaryna ýardam berýär.
— Gök önümleri ýetişdirmek bilen meşgullanyp, ýokary netijeleri gazanmaga döredilýän şertler bizi mundan beýläk hem hyjuwly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Nesip bolsa, hormatly Prezidentimiziň bu aladalaryna hemişe iş bilen jogap bererler — diýip, Şatlyk sözüniň ahyrynda belledi. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.