Gaplaňgyr — täsin künjek

Garagum çölüniň hazynaly huma deňelmeginiň sebäbi onuň ýerasty hem ýerüsti baýlyklara baýlygy, gurluşynyň juda çylşyrymly tekizliklerden, gaýalyklardan, şorluklardan, gumluklardan ybaratdygy üçindir. Onuň tebigy gurşawy hem özboluşly aýratynlyga eýe. Garagum çölüniň tutýan giňişlikleri dürli atlar bilen atlandyrylýar. Onuň demirgazyk - günbatar tarapynda ýerleşýän giň meýdany Gaplaňgyr tekizligidir. Ol Garaşor çöketliginiň ýakasynda ýaýylyp ýatan giň ýaýladyr.
Ýedihowuz takyrlygyndan Kürtüşbaba tebigy şypahanasy aralygyna uzaýan 100 kilometr töweregi uzynlykda, Garaşor çöketliginiň gündogar ýakasyndan Öwenek gyr aralyklaryna 40 — 50 kilometr töweregi inlilikde ýaýylyp ýatan Gaplaňgyr tekizligi oba hojalygy üçin ähmiýetli bolan meýdanlardan ybaratdyr. Garagum çölüni gülzarlyga beslän «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gadymy Uzboýuň ugry boýunça çekilen Daşoguz şahasy hem Gaplaňgyryň gum bilen sepleşýän çägini aralap geçýär. Gaplaňgyryň köp ýeri tekizlik bolup, üstki gatlaklarynyň 10 —15 santimetr galyňlykda daş bilen örtülen ýerleri duşýar. Şol daş gatlaklarynyň birnäçe metr çemesi galyň ýerleri hem az däl. Daşlaryň ýeriň üstki gatlagyndaky gabat gelşi her ýerde dürli-dürli bolup, ýapgyt ýerlerde we tekizliklerde galyň — ýukalygy taýdan tapawutlanýar. Gaplaňgyrda gabat gelýän belentlikleriň ýapgytlarynda ýagyş ýagmagy netijesinde dörän jarlaryň ugrunda, ýakalarynda daşlyklar bölek-bölek görnüşdedir. Şol ýapgytlarda daşlaryň ençeme gatlakdan ybarat bolup durýandygyny görmek bolýar. Tekizliklerde bolsa ol daşlaryň ençeme aralyga endigan, ýörite düşelen ýaly ýerleriniň bardygy hem aýratyn bellärliklidir. Ýedihowuzdan Ybraýym Edhemiň aramgähine tarap uzaýan gatnawly ýol «Düşekli daş» diýlip atlandyrylyp, onuň uzynlygy 15 kilometr töweregidir. Şonça aralyga uzaýan ýoluň ugrundaky daş gatlagy tep-tekizdir. Şol ýol bilen demirgazyk tarapa 15 kilometr töweregi ýörelensoň, ol tamamlanyp, ýol ugrunda Ýekejylaw gumlugy başlanýar. Gaplaňgyryň tekizliklerinde gabat gelýän daşlaryň hili berkdir. Gyr daşlary dürli galyňlykda, şonuň ýaly-da ýagşyň, ýeliň täsiri netijesinde bölek-bölek ýagdaýda gabat gelýär. Gaplaňgyr tekizliginiň dürli ýerlerinde, Atabaý şordan günortada, Gyzyljagyr töwereklerinde senagat taýdan işlemäge ýeterlik gorlary bolan hek we gips daşlarynyň hem gabat gelýändigi anyklanandyr. Diýarymyzyň her bir künjeginde dürli görnüşli baýlyklar kän. Olary rejeli peýdalanmak, biodürlüligini gorap saklamak babatda uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän özgertmeler bolsa bütin dünýäde goldaw tapýar. Gaplaňgyr sebitiniň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak maksady bilen döredilen «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy