Pileçi kärendeçileriň yhlasly zähmeti

Welaýatymyzyň başarjaň pileçi kärendeçileri her ýyl ak piläniň bereketli hasylyny öndürip, Watan harmanyna goşmak bilen, uly üstünliklere eýe bolýarlar. Olaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde-de bu babatda guramaçylykly iş alyp barýandyklary örän guwandyryjydyr.
Boldumsaz etrabynyň pileçileriniň şu möwsümde 1944 guty ýüpek gurçuklaryny idedip, olardan jemi 71 tonna ýokary hilli pile öndürmegi maksat edinip, häzirki günlerde alyp barýan işleri hem bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlykly girişmek bilen, ilkinji günlerden ýüpek gurçuklaryny talabalaýyk idetmek ugrunda gije-gündiz alada edýärler. Etrabyň «Gökçäge» daýhan birleşigi köp hem-de oňat hilli pile öndürmekde welaýatymyzda giňden tanalýan öňdebaryjy hojalyklaryň biri hasap edilýär. Munuň özi birleşigiň pileçi kärendeçileriniň yhlasly zähmetleri bilen her ýyl köp mukdardaky piläni döwlet harmanyna goşmagyň hötdesinden gelýändikleri bilen baglanyşyklydyr. Daýhan birleşiginiň hünärmeni Kadyr Genjäýewiň ýakynda bu ýerde bolanymyzda beren gürrüňine görä, hojalygyň pileçileri şu möwsümde-de öz öňlerinde belent sepgitleri goýmak bilen, agzybir zähmet çekýärler. Olar häzirki wagtda 370 guty ýüpek gurçuklaryny idetmeklige ähli gujur-gaýratlaryny gönükdiripdirler. Bu bolsa möwsümde 13,5 tonna pile hasylyny öndürip, uly harmana goşmak barada bellenilen meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine şert döredýär.
— Şu möwsümde birleşigimiz boýunça jemi 120-den gowrak pileçi kärendeçi ýüpek gurçuklaryny idetmek bilen meşgullanýar — diýip, söhbetdeşimiz nygtady: — Olaryň tas ählisiniň diýen ýaly bu ugurda uly iş tejribeleri bar. Şeýle ökde pileçilerimiziň hatarynda Şukurbaý Mädreýimowyň, Saparbaý Ýoldaşowyň, Bike Amanşirowanyň, Göwher Kalandarowanyň, Güýçgeldi Berkeliýewiň we beýlekileriň atlaryny tutmak örän ýerlikli bolar. Sebäbi olaryň her biri 5 — 10 guty ýaş gurçuklary idetmäge almak bilen, häzirki günlerde öz işlerini göwnejaý dowam etdirýärler.
Soňra biz ýokarda ady tutulan tejribeli pileçileriň biriniň — Saparbaý Ýoldaşowyň hojalygynda ýüpek gurçuklarynyň idedilişi bilen gyzyklandyk. Şonda ol geçen ýyl 250 kilogramdan gowrak piläni döwlete tabşyrandygyny, şu möwsümde bolsa 5 guty ýüpek gurçugyny idedýändigini, şeýlelikde, geçen ýyldakydan has köp pile öndürjekdigine ynamynyň bardygyny aýtdy.
— Ýüpek gurçuklaryny idetmek üçin ähli şertler bar — diýip, ol sözüni dowam etdirdi: — Olary saklamaga niýetlenen jaýymyz bar, görüp durşuňyz ýaly, golaýymyzdaky meýdanda tut agaçlary ösýär. Bu zatlaryň özi bize uly kömek bolýar. Galyberse-de, maşgalamyz bolup gije-gündiz ýüpek gurçuklarymyzyň idegini kem edemizok. Nesip bolsa, möwsümiň ahyrynda olardan bereketli pile hasylyny ýygnarys.
Görnüşi ýaly, birleşigiň pileçi kärendeçileri häzirki möwsümde ýadaman-ýaltanman ýüpek gurçuklarynyň idegini ýetirýärler. Olaryň yhlasly zähmetleriniň uly üstünlikleri getirjekdigini bolsa häzirden hem aýtmak mümkin.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy