© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugy tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda, immunizasiýa hepdeligi şu ýylyň 28-nji apreli — 4-nji maýy aralygynda geçirilýär. Çagalaryň saglygyny goramagyň, olarda duş gelýän ýokanç keselleriň öňüni almagyň iň ygtybarly usuly bolan öňüni alyş sanjymlary çaga dünýä inen gününden başlap, bellenilen tertipnama laýyklykda amala aşyrylýar. Häzirki wagtda bolsa çagalarda keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň 14 görnüşi ýaş aýratynlygyna laýyklykda amala aşyrylýar. Bulardan başga-da, möwsümleýin dümew kesellerine garşy sanjymlar ähli raýatlarymyza yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa dürli ýokançlaryň, şol sanda möwsümleýin döreýän ýiti ýokanç keselleriň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Sanjymlar sagdyn çagalara we uly ýaşly adamlara saglyk öýlerinde amala aşyrylýar. Sanjymdan ozal sanjym ediljegiň saglyk ýagdaýyna lukman tarapyndan barlaglar geçirilýär. Sanjym geçirmäge garşylyk ýok bolan halatynda sanjymlar edilýär. Eger-de çaganyň ýa-da uly adamyň saglygynda näsazlyklar bar bolsa, onda degişli bejergiler geçirilip, saglygy dikeldilenden soňra sanjym geçirilýär. Dowamly keselleri bar bolan çagalara bolsa sanjym degişli lukmanyň gözegçiliginde, onuň rugsady boýunça ýerine ýetirilýär.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy