Şa serpaýyňyz üçin sag boluň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzda halkymyzyň her güni toý-baýramlara, dabaralara, ajaýyp wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda dabaraly bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramy ganatly bedewlerimiziň abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Baýramyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, ýurdumyzyň ussat atşynaslarynyň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen belent at dakyldy. Olaryň arasynda welaýatymyzdan atşynas hem bar. Geçen ýekşenbe güni Daşoguz atçylyk sport toplumynda baýramçylyk mynasybetli geçirilen at çapyşyklary hem ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi.
Bezirgen Amansähedow,
hususy atşynas, çapyksuwar:
— Ýurdumyzda dabaraly bellenilip geçilen Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli welaýatymyzyň döwrebap atçylyk sport toplumynda geçirilen ýaryşda maňa hormatly Prezidentimiziň baýragyny almak ugrundaky 5-nji çapyşyga gatnaşyp, «Ýüpek ýoly» hususy kärhanasyna degişli, Aşyr Garýagdyýewiň seýislän Dorhan atly dor ata çapyksuwarlyk edip, 1-nji ýeri eýelemek, Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyny almak bagty miýesser etdi. Bu uly üstünlik ählimizi örän guwandyrdy. Ýaryşa gatnaşan ýyndam, güýçli bedewleriň arasynda ýeňiji bolmak çeken ýadawsyz zähmetimiziň ýerine düşendigini aňladýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ahalteke bedewleri, olara yhlas siňdirýän seýisler, çapyksuwarlar üçin döredilýän şertler şeýle ýeňişleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
Atçylygy, atçylyk sportuny ösdürmek babatda alyp barýan giň möçberli işleri, ýadawsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýaryn, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýärin.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy