© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna döwrebap aragatnaşyk innowasiýalary we sanly ulgamyň kämil tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrylýar. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilip, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri elýeterli bolan ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar.
Bu ugurda öňdebaryjy döwletleriň tejribesinden peýdalanmak, elektron senagaty döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Uzak geljegi nazarlaýan bu özgertmeler «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» giňişleýin beýan edilýär. Ol döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmagyň binýadynda maglumatyň goraglylyk we howpsuzlyk derejesini ýokarlandyrmak, elektron resminama dolanyşygynyň maglumat serişdeleriniň ýaşyrynlygyny, bitewüligini we elýeterliligini üpjün etmek ýaly maksatlary öz içine alýar. Döwlet dolandyryşynyň, dolandyryş kararlaryny kabul etmegiň netijeliligini we dessinligini artdyrmak, kagyz hem elektron göterijilerde maglumat akymlarynyň has yzygiderli usulyny saýlamak, maglumat alyş-çalşygynyň bitewi giňişligini döretmek, elektron resminama dolanyşygynda resminamalaryň hasaba alynmagyny guramak, olaryň ýitirilmeginiň öňüni almak ýaly mümkinçiliklerinden ugur alanyňda, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak örän ähmiýetlidir.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy