© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilen «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň sahypalarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen gaznanyň işi barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Kitap «Gurplulygyň öz şertleri bar», «Beren eliň berekedi artar», «Durmuşyň gymmatlygy — saglyk», «Hossarlyk — öçmez umyt», «Howandarlyk jebisligi döredýär» diýen birnäçe bölümden ybaratdyr. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri watandaşlarymyza ruhlandyryjy şahsy görelde görkezýär. Gaznanyň bank hasaplaryna gelip gowuşýan maliýe serişdeleri çagalara lukmançylyk we bilim kömeklerini bermäge, olara doly derejeli dynç almak üçin mümkinçilikleriň döredilmegine, beýleki zerurlyklara niýetlenendir. Gaznanyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşi öňde goýlan wezipeleri hem-de dürli meseleleri netijeli çözmäge hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Bularyň ählisi körpelere özleri baradaky aladany duýmaga, jemgyýetde mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berýär. Neşiriň sahypalarynda çagalaryň saglygyny dikeltmegiň ençeme anyk mysallary getirilýär, şeýle hem ýaş nesliň abadançylygy, bagtyýarlygy barada hemmetaraplaýyn aladasy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk beýan edilýär. Kitapda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde terbiýe bermek, okatmak, saglygy berkitmek, dynç almak üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulandygy barada hem aýdylýar. Şunda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda hereket edýän şunuň ýaly sagaldyş, kömekçi – bilim edaralarynda terbiýelenýänleriň haýyr-sahawat gaznasynyň hemişe üns merkezinde saklanýandygy nygtalýar. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär. Türkmenistanyň bu ulgamda durmuşa geçirýän syýasaty BMG-niň Çagalar gaznasynyň goldawyna eýe boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň binýadyny emele getirýän ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň nyşanydyr.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy