Hywany baglan owazlar

Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde geçirilen IV halkara bagşyçylyk sungaty festiwalynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gazanan üstünligi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň bütin dünýäde dabaralandyrylýan şanly ýylyň mazmuny bilen özboluşly sazlaşygy emele getirdi.
Daşoguz şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Almagül Nazarowanyň Aşyr Nazarowyň hem-de Wepa Nurmuhammedowyň sazandarlyk etmeginde «Saýatly-Hemra» dessanyndan ýerine ýetiren parçalarydyr halk aýdymlary dünýäniň kyrkdan gowrak ýurdundan iki ýüze golaý bagşy-sazandalary bir ýere jemlän festiwala gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzyň bagşylar topary bu halkara bäsleşikde birinji orna mynasyp bolup, pul baýragy bilen sylaglanyldy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň halkara sungat festiwalynda gazanan bu üstünliginde milli aýdym-saz sungatymyzyň umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegidigi hakyndaky hakykatyň güwäsi bolmak bilen, täze taryhy döwürde parahatçylygyň sazyna, dost-doganlygyň mukamyna öwrülýändigi aýdyň şöhlelendi. Her iki ýyldan bir gezek geçirilýän halkara bagşyçylyk sungaty festiwalynda dürli ýyllarda medeniýet we sungat ussatlarymyz Kerwen Ýowbasarowyň hem-de Garýagdy Saryýewiň birinji orna mynasyp bolandyklaryny hem aýratyn nygtamak zerur. Ýurdumyzyň wekiliýeti festiwalyň çäginde geçirilen Türki dünýäniň ikinji medeni forumyna hem-de «Täze Özbegistanda bagşyçylyk sungaty, häzirki zaman barlaglary we geljekki mümkinçilikler» atly halkara ylmy-amaly maslahata hem işjeň gatnaşdylar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy