© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretariatynyň bilelikde yglan eden, «Zergärçilik sungatym — miras daragtym» atly bäsleşiginiň golaýda welaýat tapgyry geçirildi. Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralar merkezinde geçirilen bäsleşige asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan zergärçilik sungatyny dünýä ýaýmakda asylly işleri bitirýän zergärler, dürli ugurlarda zähmet çekýän höwesjeň adamlar, zenanlar, talyp ýaşlar uly höwes bilen gatnaşdylar.
Bäsleşik halkymyzyň milli, medeni mirasynyň, senetçilik sungatynyň görnükli eserleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli alnyp barylýan işleri, asyrlaryň dowamynda sungat derejesinde kämilleşen şaý-seplerimizi, türkmen milli lybaslaryny bezemekde, bedew atlarymyzyň esbaplarynyň bezeg işlerini döretmekde we kämilleşdirmekde öz başarnyklaryny görkezýän zergärleriň ukyplaryny görkezmek, pederlerimizden miras galan däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza goýulýan sarpany, ýaşlarymyzda zergärçilik sungatyna bolan höwesi artdyrmak, halk köpçüligine ýetirmek we dünýä ýaýmak hem-de geljekki nesillerimize miras galdyrmak ýaly asylly ýörelgeleri maksat edinýär. Ol üç şertden, ýagny öz saýlap alan kesp-käriniň ähmiýetini, öňünde goýan maksatlaryny, Watana bolan sarpasyny, milli gymmatlyklarymyza bolan ýürek buýsanjyny çeper sözler bilen beýan etmekden hem-de öz ýaşaýan ýerleri bilen bagly gadymy milli şaý-sepleri, olaryň ulanyş aýratynlyklaryny, şaýlara siňen syrly şekilleriň, gaşlaryň aňladýan manysyny, olary taýýarlamagyň dürli usullaryny görkezmek arkaly gürrüň bermekden, şeýle hem goşgynyň, gazalyň, aýdymyň üsti bilen milli mirasymyza goýulýan sarpany, ony dünýä ýaýmakda amala aşyrylýan işleri we öz döreden işleriniň özboluşlylygyny, täzeçilligini, ähmiýetini wasp etmekden we düşündirmekden ybarat boldy. Örän gyzykly geçen bäsleşikde öz başarnyklaryny açyp görkezen zergärler öňe saýlanmagy başardylar. Eminler toparynyň gelen netijesine görä, Şabat etrabyndaky 39-njy orta mekdebiň mugallymy Güljan Nazarowa, TOHI-niň talyby Nazarmät Tirkeşmädow 1-nji orna mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. «Köneürgenç» taryhy- medeni döwlet goraghanasynyň rejeleýjisi Selbi Kartanowa, şu goraghananyň ylmy işgäri Jeýhun Gurbanmyradow 2-nji, Şabat etrabynyň ýaşaýjysy, zergär Yhlasbek Abdyreimow, Altynýol geňeşligindäki Dilewar oba medeniýet öýüniň tans goýujysy Güljahan Jumabaýewa 3-nji orunlara mynasyp boldular.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy