Daşoguz+29°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Watan gerçegi sarpalandy

08.05.2025
Watan gerçegi sarpalandy

Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk görkezip, sag-aman öz iline dolanyp, prokuratura edarasynyň düzüminde uzak ýyllar zähmet çeken, häzirki wagtda asyr ýaşy arka atyp, gowy günleriň hözirini görýän uruş weterany Köşek Soltanmyradow welaýatymyzda ildeşlerimiz üçin nusgalyk mekdep hasaplanýar. Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäheriniň ýaşaýjysy Köşek aga meýletin arzasy bilen 18 ýaşynda söweş meýdanyna gidip, aňtaw rotasynda gulluk edýär, köp sanly şäherleri duşmandan azat etmekde jany-teni bilen söweşýär. Uruş tamamlanyp, ýeňiş gazanylandan soň, birnäçe ýyllaryň dowamynda dikeldiş işlerine gatnaşýar. Öz iline sag-aman dolanyp gelen esger ýigit hukuk ugrundan ýokary bilim alyp, milli kanunçylygyň talaplarynyň berk berjaý edilmegini gazanmakda işjeň zähmet çekýär. Köşek aganyň 5 ogul, 3 gyz perzentlerinden 15 agtygy, 28 çowlugy bar. Diňe bir Ýeňiş baýramynyň bellenilýän günlerinde däl, eýsem, milli gahrymanyň döwletli ojagynyň gapysy hemişe köp adamly. Çünki täze taryhy döwrüň ösüş-özgertmeli ýyllarynyň her bir pursadyndan uly lezzet alyp ýaşaýan gojanyň nusgalyk mekdebe öwrülen durmuşy hemmeler üçin görelde. 
                                                                                                                                                                                                               * * *
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen, häzirki wagtda asyr ýaşy arka atan, welaýatymyzda ýeke-täk uruş weterany Köşek Soltanmyradowy Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlamak dabaralary ýokary derejede geçirilýär. Şanly sene mynasybetli golaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgadynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy mynasybetli uruş weteranynyň öýünde duşuşyk guraldy. Ak öý tutulyp, aýdym-sazly çykyşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. Welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, prokuratura edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyk dabarasy weteranyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Duşuşygyň dowamynda hemmeler asyr ýaşy arka atan goja ýene-de uzak ömür arzuw etdiler, ýaşlarymyz üçin görelde mekdebi bolup, uzak ýaşamagy dilediler. Weteran öz gezeginde şeýle bagtly günler hem-de toý sowgady üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.