Daşoguz+29°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Gowaça bejergisiniň depgini ýokary

09.05.2025
Gowaça bejergisiniň depgini ýokary

Köneürgenç etrabynyň «Täze güýç» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 1620 gektar meýdanda «ak altynyň» bereketli hasylyny kemala getirmek ugrunda möhüm agrotehniki çäreleri durmuşa geçirýärler. Olar kadaly gögeriş alnan meýdanlarda gowaça bejergisine etrapda ilkinjileriň hatarynda girişip, bu işiň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Daýhan birleşiginde 9 sany kärendeçiler topary bolup, olarda 360 kärendeçi öndürijilikli zähmet çekýär. Tejribeli kärendeçi daýhanlaryň her biri özüne berkidilen meýdanlarda gowaçalary ýekelemek, haşal otlardan arassalamak, goşmaça iýmitlendirmek ýaly işleri öz wagtynda amala aşyryp, olaryň kadaly ösmegine şert döredýärler. Hatarara bejergisini geçirmekde daýhan birleşiginiň hem-de etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň traktorlarynyň güýjünden öndürijilikli peýdalanylýar. Biz hatarara bejerginiň barşy bilen gyzyklanyp Haýtmyrat Esenowyň ýolbaşçylygyndaky 1-nji kärendeçiler toparyna baranymyzda, kärendeçi Durdyjan Arazowyň 10,30 gektar gowaça meýdanynda bejergi işleriniň gyzgalaňly barýandygynyň, bu ugurda jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň hem çetde durmaýandygynyň, öňdebaryjylaryň armasynyň ýetirilýändiginiň şaýady bolduk. Häzirki günlerde daýhan birleşigi boýunça hatarara bejergi işleri günde 20 — 25 gektar ýerde geçirilip, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär. Şeýle yhlas, alada ýaşajyk gowaçalaryň talabalaýyk ösmegine zerur şert döredýär.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.