Ekologiýa hyzmatdaşlygy — geljegiň abadançylygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ekologiýa meseleleri bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli başlangyçlary, teklipleri öňe sürýär. Belli bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz BMG-niň gatnaşmagynda Hazar deňziniň ekologiýasyny gorap saklamak, Aral deňziniň guramagynyň sebite ýetirýän zyýanyny peseltmek, suw gorlaryndan peýdalanmakda sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitlerinden ugur almak, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmekde ekologiýa ýagdaýlaryny nazara almak we beýlekiler bilen baglanyşykly başlangyçlary öňe sürdi hem-de olar halkara guramalarynyň, giň jemgyýetçiligiň uly goldawlaryna mynasyp boldy. Olardan ugur almak bilen, hormatly Prezidentimiziň halkara maslahatlarynda, sammitlerde, ýokary derejedäki duşuşyklarda orta atýan teklipleri hem hemmeleriň ünsüni çekýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýokarda agzalan forumda aýdanlary munuň anyk subutnamasydyr.
Şu forumdaky çykyşynda hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýada suwdan peýdalanmakda halkara hukugynyň talaplaryny berjaý etmek, özara bähbitlerden ugur almak, bu meselä halkara guramalaryň, esasan hem BMG-niň gatnaşmagyny üpjün etmek, şunuň bilen baglanyşyklylykda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça BMG-niň Sebit Geňeşini döretmek barada eden teklibi hakynda aýratyn nygtap geçmegi hem örän ähmiýetlidir. Garaşsyz ýurdumyzyň ekologiýa bilen baglanyşykly öňe süren şeýle möhüm ähmiýetli başlangyçlary hakynda aýdylanda, hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen halkara maslahatda eden çykyşynda aýdanlarynyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny bellemek bolar. Çünki onda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Munuň özi ýurdumyzda gurulýan we işe girizilýän önümçilik kärhanalarynda döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen, howa metan zyňyndylarynyň möçberiniň azaldylmagyna goşant goşmaga uly üns berilýändigini, geljekde bu babatda has-da uly taslamalaryň amala aşyryljakdygyny aňladýar. Şu ýerde ýurdumyzyň şol borçnama goşulanyndan bäri geçen döwürde amala aşyrylýan işleriň öz oňyn netijelerini berýändigini-de aýtmak gerek. Ekologiýa babatynda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy bilen bilelikde taýýarlan «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» we beýleki köptaraplaýyn hödürnamalarynyň hem diňe bir sebit däl, eýsem, dünýä derejesinde-de uly ähmiýetiniň bolandygy mälimdir. Olaryň çäklerinde ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi ekologiýa babatda has-da giň gerimli işleriň amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýäde ekologiýanyň gowulandyrylmagyna uly goşant goşýan ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky tagallalaryň ähmiýeti-de örän uly bolup durýar. Bu, ata-babalarymyzyň daşky gurşawy goramak, tebigatymyzy gözelleşdirmek ýörelgeleriniň biziň döwrümizde has-da rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar. Çünki bu paýhasly işleriň netijesinde her ýylda müňlerçe düýp miweli, saýaly, pürli agaç nahallary oturdylýar. Munuň özi ekologiýanyň sagdynlaşdyrylmagy, tebigatyň baýlaşdyrylmagy bilen birlikde, geljek nesillerimize bahasyna ýetip bolmajak serpaýdyr.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy