Daşoguz+29°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Baglar durmuşyň bezegidir

14.05.2025
Baglar durmuşyň bezegidir

Tejribeli bagbanlaryň göreldesine eýerip, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanýan, az ýerden köp hasyl we girdeji alýan bagbanlaryň sany hem barha artýar. Bu bolsa etrapda bagçylygyň giň gerim alýandygyny görkezýär. Köneürgenç etrabynyň bagbanlary hem täze taryhy döwürde döredilýän giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda-da bazarlarymyzy dürli miwe önümleri bilen üpjün edýärler. Miwe önümleriniň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmakda etrabyň «Akgala» daýhan birleşiginiň bagbanlarynyň nusgalyk işleri bilen tapawutlanýandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Hojalykda bagbanlaryň 134-si 172 gektar ýerde dürli görnüşli miweli agaçlara ideg edip, olardan ýylyň-ýylyna bol hasyl alýarlar. Olardan Myratbaý Aşyrow, Zafar Erimbetow, Sapargylyç Gylyjow, Sabur Haýtekow, Kakabaý Kakabaýew dagy uzakmöhletleýin kärendesine alan ýerlerinde alma, armyt, garaly, ülje, erik agaçlaryny has köp ösdürip ýetişdirýärler. Şu günler daýhan birleşiginde miweli baglaryň ideg işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Şonda baglaryň hatar aralary ýumşadylyp, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär, olara zyýankeşlere garşy derman sepilýär hem-de baglaryň daş-töweregi haşal otlardan doly arassalanylýar. Şu günlerde miweli baglar siňňitli suwarylýar. Umuman, akgalaly bagbanlar miweli agaçlary idetmegiň talaplaryny doly berjaý edýärler. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bagbanlaryň bereketli miwe hasylyny ýetişdirjekdiklerine ynamy berkidýär. Zähmetsöýer bagbanlar özleri üçin döredilýän göwnejaý şertler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.