Halyçy zenanlaryň bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, halyçy gelin-gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek, olarda zähmetsöýerligi, zenan edebine mahsus bolan asylly häsiýetleri terbiýelemek, halyçylyk sungatyna bolan höweslerini artdyrmak maksadynda Türkmenistanyň «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň TZB-niň Merkezi geňeşi, TKA-nyň Milli merkezi bilen bilelikde yglan eden «Syrlar siňen nepislik» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşige welaýatymyzyň şu ulgama degişli edara-kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýän halyçylar gatnaşdylar.
Bäsleşige gatnaşan halyçy gelin-gyzlar onuň «Syrlardan dokalan gözellik», «El bilen döredilen gudrat», «Zenan daragtdyr» diýen şertlerinde bellenenleri ökdelik bilen ýerine ýetirmäge çalyşdylar. Olaryň barşynda halyçy zenanlaryň guran haly we haly önümleriniň sergilerine, Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» atly kitabyndan ugur alnyp, haly önümleriniň görnüşleri, olaryň manylary, tebigy reňkleriň, ýüň ýüplükleriň taýýarlanylyşy baradaky bilimlerine, türkmen zenanlarynyň gözelligi, maşgala mukaddesligi hakyndaky rowaýatlary, yrymlary dil hem-de çeper sahna üsti bilen beýan edişlerine we beýleki aýratynlyklaryna baha berildi. Eminleriň gelen netijesine görä, Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçylary Mährijemal Atalowadan hem-de Sapargül Saparklyçewadan ybarat topar 1-nji, Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň haly önümhanasynyň halyçylary Saparbibi Arazmyradowadan hem-de Sahra Şamedowadan ybarat topar 2-nji, Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz haly önümhanasynyň halyçylary Oguljan Garlyýewadan we Gülbahar Ilmedowadan ybarat topar 3-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Birinji orny eýelän topar bäsleşigiň ýakynda, Türkmen halysynyň baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzda geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy