Daşoguz+29°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Ak piläniň bereketli hasyly

20.05.2025
Ak piläniň bereketli hasyly

Hormatly Prezidentimiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda pile öndürilişini artdyrmak barada kabul eden Kararyndan ugur alyp, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň belent harmanyna 500 tonna ýokary hilli çig pile goşmak maksady bilen, şu ýylyň ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde gaýratly zähmet çeken welaýatymyzyň ezber pileçi kärendeçileri bu gymmatly önümiň bereketli hasylyny ýetişdirdiler hem-de ony ýitgisiz ýygnap almaklyga öz wagtynda, guramaçylykly girişdiler. Şeýlelikde, olar ilkinji günlerden pile kabul ediş bölümlerine getirilýän piläniň möçberlerini barha artdyryp, bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda gaýratly zähmet çekýärler.
Welaýatymyzyň Boldumsaz etrabynda hem ilkinjileriň hatarynda pile hasylyny ýygnamaklyga badalga berlip, bu babatda göwnejaý netijeleriň gazanylýandygyny bellemek bolar. Etrabyň zähmetsöýer pileçileri kabul ediş bölümlerine jemi 71 tonna pile tabşyrmagy göz öňünde tutup, bu ugurdaky işleri gyzgalaňly alyp barýarlar. Etrabyň Gubadag şäherinde ýerleşýän 5-nji pile kabul ediş bölüminde hem häzirki wagtda bu babatda uly alada edilýändigini görmek mümkin. Bu ýerde daýhan birleşikleriniň ençemesinden getirilýän piläni bökdençsiz kabul etmek üçin ähli zerur çäreler görülýär. Pile hasylynyň ýygnalyp başlanan ilkinji günlerinde bu ýere ýetişdiren pile hasylyny getirip, öz meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetiren başarjaň pileçiler az däl. Olaryň hatarynda etrabyň «Döwletli» daýhan birleşiginden Hoşgeldi Pirjanow 660, «Bereket» daýhan birleşiginden Dünýägözel Begjanowa 247, «Türkmenistan» daýhan birleşiginden Tylla Sarybaýewa 150, «Abadanlyk» daýhan birleşiginden Şirin Hojykowa 130 kilogram pile hasylyny tabşyrmak bilen, uly üstünlige eýe boldular. Olaryň göreldesine eýerýän pileçileriň sany barha artýar.
— Şu möwsümde bölümimiz boýunça 55 tonna piläni kabul etmek meýilleşdirildi. Bu işiň talabalaýyk guralmagy üçin ähli zerur şertler döredildi. Bölümimiziň işçi-hünärmenleri gije-gündiziň dowamynda ýadawsyz zähmet çekip, pile hasylyny bökdençsiz kabul edýärler. Nesip bolsa, öňümizde goýlan wezipä abraý bilen hötde geleris — diýip, kabul ediş bölüminiň müdiri Mekan Şammyýew gürrüň berdi.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.