Daşoguz+29°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Notarial işinde sanly ulgamyň mümkinçilikleri

21.05.2025
Notarial işinde sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlarda döwrüň ösen talaplaryndan we kämil tehnologiýalardan ugur almak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak we ulgamlaşdyrmak işlerini sanly ulgam arkaly has-da kämilleşdirmek, şeýle-de, ýurdumyzda notarial işini döwrebap görnüşde guramak täze taryhy döwrüň möhüm wezipeleri hökmünde kesgitlenýär. 
Ýurdumyzda notarial hereketini amala aşyrmagyň döwrebap tejribelerinden ugur alnyp, kämil tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak, sanly-aragatnaşyk ulgamynyň çäksiz mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly raýatlara we edara-kärhanalara hödürlenilýän hukuk hyzmatlarynyň hil derejesi halkara ülňülerine laýyk getirilýär. Bu babatda hukuk hyzmatlarynyň elýeterliligine, tiz amala aşyrylýandygyna we maglumatlaryň howpsuzlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Täze taryhy döwürde ýurdumyzda elektron resminama dolanyşygyny guramaga, bir bitewi maglumat ulgamyny döretmäge uly ähmiýet berilýär. Bu babatda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň çäginde notarial işini kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzdaky ähli notarial edaralarynyň arasynda optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy ýola goýuldy, internet torunyň çäksiz mümkinçilikleri arkaly bir bitewi maglumat ulgamy döredildi. Aýratyn hem «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugruň hukuk binýadyny has-da berkitdi. «Notarial we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasynda notariatyň bir bitewi maglumat ulgamy hakynda giňişleýin beýan edilýär. Bu kanunlarda görkezilen kadalara laýyklykda, notarial edaralarynda raýatlara hukuk hyzmatlary hödürlenilende maglumatlaryň howpsuzlygy, goraglylygy we şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygy doly üpjün edilýär. 
Notarial işine halkara tejribesini ornaşdyrmak, sanly ulgamyň çäksiz mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly ýurdumyzyň notarial edaralarynyň raýatlara berýän hukuk kömegini döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.