Göllerinde beýik döwrüň nury bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen halysynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, halyçylyk sungatyny has-da ösdürmek, kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň halylaryň taryhyndan, şu gününden gürrüň berýän «Janly rowaýat» , «Arşyň nepisligi» ýaly meşhur kitaplarynyň bu babatdaky ähmiýeti örän uly. Muny türkmen halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi-de aýdyň tassyklaýar hem-de ol çeper elli halyçy gelin-gyzlarymyzyň zehininden, ukyp-başarnygyndan gözbaş alýan nepis sungatymyzyň, äleme nur saçýan halylarymyzyň dünýäde giňden ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak maksady bilen, welaýatymyzyň halyçy gelin-gyzlarynyň çekýän joşgunly zähmetleri hem guwandyryjy netijeleri berýär. Olar döwlet we hususy halyçylyk kärhanalarynda haly hem-de haly önümleriniň dürli görnüşlerini dokamak bilen meşgullanyp, bu inçe sungatyň hakyky ussatlarydyklaryny görkezýärler, öz kärlerini ýaşlara hem ýadawsyz öwredip, onuň ýene-de uzak asyrlara dowam etmegine ýardam berýärler. Şeýlelikde, olaryň ençemesi bu babatdaky üstünlikleri üçin ýokary döwlet sylaglaryna, hormatly atlara mynasyp boldular. Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynda-da şeýle ussat halyçylaryň, olaryň ezber şägirtleriniň onlarçasy bu gadymy, dünýäde deňi-taýy bolmadyk sungata öz yhlaslaryny, söýgi-mähirlerini siňdirýärler. Şonuň netijesinde-de, olaryň sünnäläp dokan halylary, haly önümleri ajaýyplygy, täsin çitimleri bilen aýratyn tapawutlanyp, diňe bir welaýatymyzda däl, eýsem, döwlet derejesinde guralýan sergilerde, bäsleşiklerde belent bahalara mynasyp bolýar. Bu önümhananyň ussat, tejribeli halyçylarynyň hatarynda Türkmenistanyň at gazanan halyçylary Annagül Padarowa, Täzegül Babekowa, Maral Begmedowa, şonuň ýaly-da Oguljan Garlyýewa, Mährijemal Atalowa we beýlekiler bar. Olaryň ýaş şägirtlerinden Sapargül Sapargylyjowanyň, Aýjemal Gamyşowanyň, Güljemal Nurjanowanyň has tapawutlanýandyklaryny-da aýtmak gerek.
— Men ömrümiň 50 ýyldan gowragyny halyçylyga bagyş etdim. Şu döwürde bu käriň kynçylyklarynam, rehnedini-de gördüm, sylag-serpaýlara hem mynasyp boldum. Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz aladalary bilen önümhanamyza täze, döwrebap, ähli şertleri bolan binanyň gurlup berilmegi bize uly sowgat boldy. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň halyçylara berýän goldawlary ählimizi has-da joşgunly işlemäge ruhlandyrýar — diýip, halypa halyçy Annagül Padarowa gürrüň berýär.
Önümhananyň gözegçi ussasy Roza Baýramowanyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda bu ýerde halyçy gelin-gyzlaryň 70-e golaýy zähmet çekýär. Belläp geçişimiz ýaly, olar öz ezberliklerini görkezmek, halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak bilen, uly üstünliklere eýe bolýarlar. Olar «Asyrlardan gözbaş alýan haly dokamak sungaty hem biziň hiç zat bilen ölçäp bolmajak milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän uly ynamyny ödemegi özleriniň esasy borjy hasaplaýarlar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy