Sünnäli işiň ussatlary

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Zergärçilik sungatym — miras daragtym» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan, Şabat etrabyndaky 39-njy orta mekdebiň mugallymy Güljan Nazarowa bilen TOHI-niň talyby Nazarmät Tirkeşmädowdan ybarat topar bäsleşigiň döwlet tapgyrynda 1-nji orna mynasyp boldy.
Sünnäli işiň ussatlary bäsleşigiň şertlerinde bellenenleri örän ezberlik bilen ýerine ýetirip, özleriniň aýratyn ukyp-başarnyklaryny doly açyp görkezdiler. Olaryň ýerine ýetiren çykyşlarynda hem işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döredilýän şertlerden we mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmagyň hakykaty örboýuna galdy, zamana buýsanç, milli gymmatlyklarymyzy, zergärçilik sungatyny dowam etdirmek, ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak bilen bagly işleriň giň gerimliligi doly ýüze çykdy. Welaýatymyzyň ussat zergärleriniň ýerine ýetiren işleri beýleki toparlar hem-de eminler tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Toparyň gazanan üstünligi welaýatymyzyň zähmet adamlarynyň, öz işine ussatlarynyň döwür bilen aýakdaş gidýändigini doly açyp görkezdi.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy