Bitaraplyk — bakt bagtyň binýady

Berkarar döwletimiziň Bitaraplyk syýasaty Ýer ýüzünde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde we ynanyşmagy berkitmekde jebisleşdiriji, ylalaşdyryjy güýje öwrülýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy döwürde üstünlikli dowam etdirýän daşary syýasaty uly ähmiýete eýedir.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini, halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatda ynsanperwer garaýyşlaryň, başlangyçlaryň dabaralanmagy hökmünde taryha girdi. Dünýäde baky Bitaraplyk hukuk derejesi Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji döwlet hökmünde, Garaşsyz Türkmenistanyň hoşniýetli hyzmatdaşlyga we ynanyşmaga ygrarlylygy dost-doganlyk döwletler bilen ikitaraplaýyn we halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn gatnaşyklarynda aýdyň şöhlelenýär. Berkarar döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi we bu babatda ýeke-täk döwlet bolmagy hem ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň we bu ugurdaky başlangyçlarynyň bütin dünýäde uly ähmiýete eýedigini alamatlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sebitde parahatçylygy we ählumumy ösüşi üpjün etmek babatdaky başlangyçlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň daşary syýasatynyň esasy ugurlary şöhlelenýär. Dürli ýyllarda berkarar döwletimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynda «BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly we beýleki Kararnamalaryň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Dünýäde parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmek babatda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy