© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatymyzyň şäherdir obalarynyň keşbiniň özgerýändigini, olarda täze binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň peýda bolýandygyny hemmämiz görýäris. Şäherdir obalarymyzyň şeýle ajaýyp ymaratlar bilen bezelmeginde hususy gurluşyk kärhanalarynyň uly goşandy bar. Bu ezber telekeçileriň hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlary bilen öz işleriniň gerimini giňeldýändiklerini görkezýär.
Şeýle möhüm gurluşyklary alyp barmakda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nurana dost» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň hem guwandyryjy netijeleri gazanýandyklaryny bellemeli. Çünki başarjaň telekeçi Berdimuhammet Garajaýewiň ýolbaşçylygyndaky bu kärhana döredilenine heniz köp wagt bolmasa-da, şu geçen döwürde täze binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesini gurup, ulanmaga bermegiň hötdesinden geldi. Bu barada aýdylanda, Daşoguz şäheriniň Gülüstan, Adalat ýaşaýyş jaý toplumlarynda, şonuň ýaly-da geçen ýyl açylyp ulanylmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we durmuş maksatly desgalaryny, Saparmyrat Türkmenbaşy, Şabat etraplarynda gurlan binalary mysal getirmek bolar. Häzirki wagtda olar ildeşlerimiziň, maşgalalaryň köp sanlysynyň mekanyna, öý-ojagyna öwrüldi.
— Şu günlerde bolsa, görüp durşuňyz ýaly, Şabat etrabynyň Diýar geňeşliginiň çäginde täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny ahyrky tapgyrlarda dowam etdirýäris — diýip, Berdimuhammet golaýda gürrüňdeş bolanymyzda aýtdy: — Bu ýerde 3 sany 16 öýli, 2 sany 24 öýli, 1 sany hem 8 öýli ýaşaýyş jaýlaryny ýakyn wagtlarda ildeşlerimiziň ygtyýaryna bermek niýetimiz bar. Bu ugurda gurluşykçylarymyzyň onlarçasynyň öz yhlasly zähmetleri bilen oňat görelde görkezýändikleri bizi diýseň guwandyrýar.
Kärhananyň ýolbaşçysynyň aýratyn bellemegine görä, şeýle ökde gurluşykçylaryň hatarynda Hudaýşükür Allabergenowyň, Arazdurdy Garlyýewiň, Döwran Toýlyýewiň, Sähet Annabaýewiň, Baýmyrat Ýagmyrowyň, Nurgylyç Durdyýewiň, şonuň ýaly-da gurluşyk meýdançasynyň gözegçisi Gurban Jümmiýewiň atlaryny agzamak ýerlikli bolar. Sebäbi şeýle zähmetsöýer adamlar gurluşyk işleriniň öňe gitmegine uly ýardam berýärler. Ýeri gelende bellesek, bu hususy kärhananyň gurýan köp gatly we kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynda ähli amatlyklar, zerur durmuş şertleri göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem olaryň diňe bir kaşaňlygyna däl, eýsem, hiliniň ýokary bolmagyna, berkligine uly üns berilýär. Munuň özi ýaşaýjylarda kärhananyň gurluşykçylaryna aýratyn ynam we hoşallyk döredýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň telekeçileriň öňünde goýýan esasy wezipeleriň biri-de täze iş orunlaryny döretmek bilen baglanyşyklydyr. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde şu karhananyň hem saldamly paýynyň bardygyny nygtamak gerek. Sebäbi häzirki döwürde bu ýerde işçi-hünärmenleriň, gurluşykçylaryň 200-e golaýynyň zähmet çekýändigi munuň anyk subutnamasydyr.
— Biz ýakynda ýene-de bir ýaşaýyş jaýynyň binýadyny goýduk — diýip Berdimuhammet nygtady: — Mundan başga-da, gurluşygyna girişmegi meýilleşdirýän birnäçe ymaratlarymyz bar. Nesip bolsa, kärhanamyzyň gurluşyk işlerini ýokary depginde, öndürijilikli dowam etdirip, hormatly Prezidentimiziň bildirýän uly ynamyny ödemäge çalşarys. Bu hem halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň üpjün edilmegi ugrunda amala aşyrylýan işlere goşandymyz bolar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy