© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek bilen baglanyşykly geçirýän iş maslahatlarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda beýleki ekinleriň hatarynda gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde zerur bolan ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmak barada möhüm tabşyryklary berýär. Şondan ugur almak bilen, welaýatymyzyň pagtaçy daýhanlary 140 müň gektardan ybarat gowaça meýdanlarynda bu ugurdaky çäreleri gyzgalaňly dowam etdirýärler. Şu ýyl Görogly etrabynyň pagtaçylary 17,5 müň gektar meýdanda gowaça ekişini öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrdylar. Hazirki günlerde bolsa olar şol ýerlerde hatarara bejergisini, ýekeleme, otag işlerini göwnejaý geçirmeklige uly üns berýärler. Belli bolşy ýaly, etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlary şu ýylyň ekiş möwsüminde 1650 gektar meýdana gowaça ekip, kadaly gögeriş gazanypdyrlar. Bu bolsa gowaça bejergisine öňdäkileriň hatarynda girişip, onuň depginini turuwbaşdan güýçlendirmäge şert döredipdir. Häzirki wagtda bu ugurdaky işleriň birleşigiň ähli kärendeçiler toparlarynda guramaçylykly barýandygyny, şonda Bazar Babajanow, Pälwannazar Muhammedow, Öre Ýazmedow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 1,4,16-njy kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň has-da tapawutlanýandyklaryny bu ýerde bolanymyzda gürrüň berdiler. Daýhan birleşiginde gowaça bejergisiniň öndürijilikli alnyp barylmagynda mehanizatorlaryň hem uly goşandynyň bardygyny bellemek gerek. Bu babatda Geldibaý Artykdurdyýew, Allaýar Şemedow, Baýmyrat Aramedow ýaly zähmetsöýer mehanizatorlaryň bitirýän hyzmatlary kärendeçi daýhanlaryň göwünlerinden turýar. Çünki olar gowaçalaryň hatar arasyny ýumşatmak, olary goşmaça iýmitlendirmek ýaly çäreleriň ýokary hilli geçirilmeginiň ähmiýetine oňat düşünmek bilen, öz wezipelerini talabalaýyk ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Soňra biz birleşigiň ýokarda ady agzalan, Öre Ýazmedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 16-njy kärendeçiler toparynyň ekin meýdanlarynda işleriň barşy bilen tanyş bolduk. Şondan görnüşi ýaly, bu toparyň agzalary häzirki döwürde 162 gektar meýdandaky gowaçalara ideg etmek boýunça iş alyp barýarlar. Olaryň hatarynda Täjigül Iljikowa, Araz Hydyrow, Ogulnäzik Allanazarowa ýaly öz işine yhlasly kärendeçiler bar. Ýeri gelende bellesek, toparyň ýolbaşçysy Öre Ýazmedowyň daýhançylykda uly iş tejribesi bar. Çünki ol indi ençeme ýyllardan bäri topar ýolbaşçysy bolup zähmet çekmek bilen, kärendeçi daýhanlary derwaýys işlere öz wagtynda gönükdirmegi başarýar. Munuň şeýledigini onuň ýolbaşçylyk edýän toparynyň gowaça meýdanlarynda häzirki görnüşler hem doly tassyklaýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy