© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.
Dünýäniň, adamzadyň, geljegiň hatyrasyna çagalary goramagy, goldamagy ündeýän bu sene güneşli Diýarymyzda uly dabara, uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. «Çagalary goramak» diýlende, örän çuň we giň manyda olar üçin dünýäniň parahatçylygyny, abadan ýaşaýşy, bagtyýar durmuşy, maşgala agzybirligini we bitewüligini, arassa tebigy gurşawy, olaryň ruhy-ahlak, akyl, zehin taýdan ygtybarly ösüşine gönükdirilen döwrebap bilim-terbiýe ulgamyny üpjün etmek we beýleki mümkinçilikleri döredip bermek göz öňünde tutulýar. Çagalaryň şahsyýet hökmünde ösüşini bökdeýän, kämilleşmegine päsgel berýän ähli nogsanlyklary aradan aýyrmak hem olar hakda edilýän aladalaryň esasy bölegidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp şygrynda: «Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr» diýlip nygtalyşy ýaly, ýaş nesliň bagtyýarlygy, şadyýan gülki sesleriniň elmydama parahat Zeminde ýaňlanyp durmagy üçin täze taryhy döwürde durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde amala aşyrylýan ägirt uly işleri bu günki gün uly il oňlaýar. Milli Liderimiziň sahawaty bilen bagtyýar çagalaryň saglygyny dikeltmek babatda ynsanperwer işler amala aşyrylýar. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän gaznanyň howandarlyk etmeginde geçen ýyl «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat çekmek boýunça bäsleşigiň, şu ýyl bolsa «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly döredijilik bäsleşiginiň geçirilmegi güneşli Diýarymyzyň gül-gunçalary bolan bagtyýar çagalaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, dünýägaraýşyny giňeltmek, döredijilik zehinlerini ösdürmek babatda uly ähmiýete eýe boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň mysalynda hem ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda durmuşa geçirilýän tagallalaryň, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryň dünýäde uly goldaw tapýandygyny aýdyň görmek mümkin boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugra gönükdirilen ägirt uly işleriň netijesinde, Türkmenistan döwletimiz bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde bütin dünýäde belent ykrara eýe bolýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.