Daşoguz+29°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Şatlykly günler

09.06.2025
Şatlykly günler

Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günleri şadyýan geçýär. Belent daglaň jülgesinde ýerleşýän Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şonuň ýaly-da welaýatlardaky döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ajaýyp möwsüm guramaçylykly dowam edýär. Welaýatymyzdaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde 3 tapgyrda, her tapgyrda 300 çaga dynç alar. Häzirki wagtda dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynda çagalar bu ýerde doly derejede dynç alýarlar. Merkezde çagalaryň wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin meýdançalar, tans zallary, kompýuter otaglary, ýörite  gurnaklar, kitaphanalar bar. Ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, çagalaryň welaýatymyzyň ajaýyp künjeklerine, taryhy-medeni ýadygärliklerine, muzeýlere gezelençleri guralýar. Mahlasy, merkezde geçýän her bir gün çagalar üçin ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.