Daşoguz+29°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Ak bugdaýly meýdanlar — bereket-bolçulygyň nyşany

11.06.2025
Ak bugdaýly meýdanlar — bereket-bolçulygyň nyşany

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, welaýatymyzda bugdaý oragyna badalga berildi 
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 29-njy maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda ak bugdaýyň bereketli hasylynyň kemala getirilendigini aýdyp, ony ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky işlere welaýatymyzda 11-nji iýunda girişilmäge ak pata berdi hem-de oňa «Bismilla» bilen başlap bermekleri barada il sylagly ýaşululara haýyş bilen ýüzlendi, gallaçy daýhanlarymyza uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi. Welaýatymyzda jogapkärli möwsüme ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görüldi. 
Galla oragyna badalga berilmegi bilen baglanyşykly welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmen oba hojalyk institutynda ýörite guralan amaly okuwlar bugdaý oragyna gatnaşdyryljak däne ýygýan kombaýnlaryň tehniki aýratynlyklary, önümçilik kuwwaty barada giň düşünje almaga ýardam berdi. Şu möwsümde welaýatymyz boýunça 330 kombaýn, 1,5 müňden gowrak ulag bugdaý oragyna gatnaşdyrylar.   
Soňra dabara gatnaşyjylar welaýatymyzda bugdaý oragyna girişilmegine bagyşlanyp guralýan toý dabarasynyň geçýän ýerine — Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň ekin meýdanyna geldiler. Gallasy birkemsiz ýetişen giň meýdanyň töweregi ýakymly görnüşleri emele getiripdir. Bezemen sahna, hatar gurap oturan ak öýler, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň, ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň sergileri, bugdaý oragynda ulanyljak täze kuwwatly kombaýnlar hemmeleriň ünsüni çekdi. Şeýle hem welaýatymyzyň bagşy-sazandalarynyň, ýaş aýdymçylarynyň, zehinli tansçylarynyň ata Watanymyzy, halkymyzy, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işlerini, parahatçylygy, agzybirligi, päk zähmeti wasp edýän şirin aýdym-sazlary, joşgunly tanslary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi.  Şeýle-de bu ýerde orak möwsüminiň dowamynda ýangyn-tehniki howpsuzlygynyň, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmegine gönükdirilen düşündiriş çäreleri guraldy. Garaşylýan pursadyň gelip ýetmegi bilen,  bugdaý oragy möwsüminde işleriň rowaç, harmanlaryň belent, gallaçy daýhanlar barada uly alada edýän, il-ýurt bähbitli tutumlary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny dileg edip, il sylagly ýaşulular ellerine orak alyp, boýy ýeten guşgursak bugdaý düýplerini «Bismilla» bilen ormaga başladylar. Şeýlelikde, welaýatymyzda bugdaý oragyna guramaçylykly girişildi. Dabara gatnaşyjylar şowhunly el çarpyşmalar bilen olaryň buýsançlaryna goşuldylar. Soňra bugdaýly atyzyň bir çetinden ýokary öndürijilikli kombaýnlar işe girizildi. Olar hatar gurap, ýuwaşlyk bilen bugdaý düýplerini orup, öňe tarap hereket edip başladylar. Az salymdan ak bugdaýyň dok dänelerinden ýüki ýetirilen kuwwatly ulaglar galla önümleri kärhanasynyň kabul ediş bölümlerine tarap ýola düşdüler. Üsti zer däne ýükli kerwen bu ýerde hem aýdym-sazlar, şatlyk-şowhun bilen garşy alyndy. Şeýle ajaýyp toý dabaralary bilen welaýatymyzda galla oragyna badalga berildi. 
Harmanyňyza bereket, edermen gallaçylar!
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.