Daşoguz+29°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Welaýatymyzyň pileçileriniň zähmet üstünligi

12.06.2025
Welaýatymyzyň pileçileriniň zähmet üstünligi

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz ýurdumyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal hasaplanylýan ak piläniň öndürilişini artdyrmak barada öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen welaýatymyzyň başarjaň pileçileriniň çeken tutanýerli zähmeti guwandyryjy netijesini berdi. Olar Watanymyzyň belent harmanyna 555 tonna ýokary hilli pile tabşyryp, bu baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler. Munuň özi şu möwsümde jemi 13691 guty ýüpek gurçuklaryna gije-gündiziň dowamynda ýadawsyz ideg edilip, olaryň kadaly ösmekleriniň, pile saramaklarynyň, ýetişdirilen hasylyň öz wagtynda, ýitgisiz ýygnalmagynyň gazanylmagy ugrunda amala aşyrylan işleriň miwesidir. Döwlet harmanyna pile tabşyrmakda welaýatymyzyň Görogly, Köneürgenç, Şabat we beýleki etraplarynyň pileçileriniň goşandy has-da saldamly boldy. Bu babatda aýry-aýry pileçileriň eýe bolan üstünlikleri hemmeleri guwandyrýar. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.