Adam hukuklarynyň ygtybarly kepili

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolup durýan Adalatçynyň wezipesiniň döredilmegi ilaty hukuk taýdan goramagyň, goldamagyň iň döwrabap we ygtybarly görnüşleriniň biridir. 2016-njy ýylda kabul edilen «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň eldegrilmesizligini, olaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegini kepillendirýär. Şeýle-de bu kanun ýurdumyzda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň hukuklaryny, borçlaryny, işiniň esasy ugurlaryny we kepilliklerini hem-de onuň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär. «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda ýurdumyzda Adalatçynyň wezipesiniň döredilmeginiň maksady şeýle beýan edilýär: «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolup durýan Adalatçynyň wezipesi, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet tarapyndan goragynyň kepilliklerini, şeýle-de döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan ol kepillikleriň berjaý edilmegini we hormat goýulmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döredilýär». Bu kanunyň kabul edilmegi adamyň we raýatyň hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmek, ýurdumyzyň bu ugurdaky kanunçylyk binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, kanunlaryň zamananyň talaplaryna laýyk gelmegini gazanmak, milli kanunçylyk binýadymyza halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kada-kanunlaryny yzygiderli ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işleriň ajaýyp netijesidir. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän kanunçylyk-hukuk özgertmeleri adamyň we raýatyň bähbitlerini, hukuklaryny, azatlyklaryny goramagyň ileri tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Berkarar döwletimiziň kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi, ýurdumyzda ýokary ykdysady ösüş depginleriniň gazanylmagy, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
