Daşoguz-1°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Sagdyn jemgyýet — rowaçlygyň gözbaşy

18.06.2025
3
Sagdyn jemgyýet — rowaçlygyň gözbaşy

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň meýilnamasy boýunça Görogly hem Şabat etraplarynyň medeniýet merkezlerinde «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly wagyz-nesihat çäreleri geçirildi. Olara syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň, bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çärelerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdyn jemgyýetiň binýadyny berkitmek, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren maşgala mukaddesligi we ahlak gymmatlyklary, nesil terbiýesinde möhüm ähmiýete eýe bolan milli ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz barada täsirli söhbet edildi. Berkarar döwletimizde bagtyýar maşgalalaryň durmuş goraglylygy babatda yzygiderli alada edilýär. Jemgyýetiň iň esasy düzüm bölegi bolan maşgalanyň abadançylygy, bagtyýarlygy onda kemala gelýän beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesil bilen berk baglanyşyklydyr.
Şeýle mazmundaky buýsançly çykyşlar wagyz-nesihat çäreleriniň bütin dowamynda öz beýanyny tapdy. Çykyş edenler il saglygy, maşgala abadançylygy, ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň kemala getirilmegi babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.