Meýdanlarda bereket bar

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen galla oragy möwsümine agzybirlik bilen girişen welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary bu işiň depginini günsaýyn ýokarlandyrýarlar. Olar şu möwsümde 145 müň gektar meýdanda bugdaý oragyny geçirip, ondan Watan harmanyna 265 müň tonna oňat hilli däne tabşyrmak barada öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ähli tagallalary gönükdirýärler.
Ajaýyp wakalara beslenýän şu ýylda Şabat etrabynyň gallaçylary hem 16,5 müň gektar meýdanda ak bugdaýyň bol hasylyny kemala getirmek bilen, ony ýitgisiz ýygnap almak ugrundaky aladalary turuwbaşdan giň ýaýbaňlandyrdylar. Olaryň hatarynda etrabyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň zähmetsöýer hasyl ussatlarynyň hem bardygyny aýratyn bellemek guwandyryjydyr. Çünki ýylyň-ýylyna dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň, şol sanda ak bugdaýyň saldamly hasylyny döwlete tabşyryp, uly üstünliklere eýe bolup gelýän bu hojalygyň gallaçy kärendeçileriniň häzirki depgini has-da batly.
Paýdarlar jemgyýetiniň çäklerinde geçen ýylyň güýzünde 2420 gektar meýdanda bugdaý ekişi geçirilip, kadaly gögeriş gazanylmagy ideg çäreleriniň göwnejaý alnyp barylmagyna şert döredipdir. Şunlukda, bu babatda guramaçylykly durmuşa geçirilen işleriň ýokary netijeleri berendigi şu günlerde hojalygyň ekin meýdanlarynda öndürijilikli dowam etdirilýän galla oragynyň barşynda aýdyň ýüze çykýar.
Biz bu ýerde bolan günümizde bugdaý oragy «Derýalyk» diýlip atlandyrylýan kärendeçiler toparynyň çäklerinde, has anygy, toparyň başarjaň kärendeçileriniň biri hasaplanylýan Şahruh Suhrabowyň gözegçiligindäki 2,5 gektardan ybarat meýdanda gidýän eken. Kärendeçi ýigidiň aýtmagyna görä, ol geçen ýyllarda hem öz ýerinden oňat hasyl alypdyr. Bu ýyl bolsa onuň has ýokary netije gazanjakdygyna ynamy bar. Sebäbi ol häzire çenli kuwwatly ulaglaryň iki sanysyny bugdaýdan kemsiz ýüküni ýetirip, kabul ediş bölümine ugradypdyr. Nesip bolsa, atyzyň galan böleginde-de orak geçirilensoň, netije doly anyk bolar.
— Biziň toparymyzda 4 sany kombaýn bugdaý oragyna gatnaşýar — diýip, bu ýerdäki orakçy toparyň ýolbaşçysy Muradjan Rozmetow aýtdy: — Olara erk edýän ýigitlerimiziň ählisi-de örän tejribeli, öz işine ökde kombaýnçylar. Muny ynha, kombaýnlaryň şu atyzdaky hereketlerinden hem görýänsiňiz.
Hakykatdan hem, giň meýdanda bugdaý orýan kombaýnlaryň hereketlerinde olara erk edýän adamlaryň özlerine berk ynamlarynyň bardygy, ozal bu ugurda köp zähmet çekendikleri duýulýan ýalydy. Olaryň biriniň şol pursatda gyra çykyp, taýýar duran ulaga ýüküni boşadyp, yzyna çalasyn dolanmagy bolsa aýratyn sazlaşykly görnüşi döredýärdi.
Şondan soňra biz topardaky kombaýnçylaryň kimlerdigi bilen gyzyklandyk. Muradjanyň aýtmagy boýunça, olar Kahraman Abdullaýew, Nasrulla Mätýakubow, Saparbaý Hojamyradow, Kadam Ibragimow dagy ekeni.
— Toparymyzyň orak geçiren ýerlerinde kärendeçi daýhanlarymyzyň köpüsi örän ýokary netijelere eýe boldular — diýip, gürrüňdeşimiz sözüni dowam etdirdi: — Ynha, olardan Gülbahar Sabyrowa 3,3 gektar kärende meýdanyndan 19 tonna bugdaý ýygnap, her gektaryň hasyllylygyny 57 sentnere ýetiren bolsa, Gaýrat Täjimyradow öz garamagyndaky 4,5 gektar ýerden 24 tonna galla öndürip, her gektardan 53 sentnerden agdyryp hasyl aldy. Bu sanawy ýene-de uzaltmaga mümkinçilik bar.
Elbetde, atyzlardan ýygnalan hasylyň kabul ediş bölümine bökdençsiz daşalmagyna uly goşant goşýan ulag sürüjileriniň hem käbiriniň atlaryny agzamak zerurdyr. Çünki bu ýerde olaryň hatarynda zähmet çekýän Ruslan Genjäýew, Hamza Kadyrow we beýlekiler aýratyn ýadawsyzlyk görkezmek bilen, özlerine ynanylan wezipäni birkemsiz ýerine ýetirýärler.
Görnüşi ýaly, şu günlerde paýdarlar jemgyýetiniň ähli gallaçy kärendeçileriniň, kombaýnçylarynyň, ulag sürüjileriniň zähmet joşguny hakykatdan hem örän ýokary. Bu olaryň hojalygyň jemi 244 sany gallaçy kärendeçiniň köp tagalla edip ýetişdiren bereketli hasylyny çalt ýygnap, Watan harmanyna 5300 tonna guşgursak däne goşmak baradaky meýilnamanyň abraý bilen ýerine ýetirilmegine tarap uly hyjuw bilen ugur alandyklaryny alamatlandyrýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar
No news available
