
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimiz täze belentliklere göterilýär. Däp bolup gelşi ýaly, ýylyň-ýylyna Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegi, ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi milli medeniýetimize, sungatymyza aýratyn uly sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr. «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen medeniýetimiziň ösmegi üçin ähli şertler döredilen Diýarymyzda geçirilýän döwlet derejesindäki toý-baýramlar, halkara çäreleri bu ulgamyň täze belentliklere göterilýändiginiň durmuş hakykatydyr» diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Bu günki günde milli medeniýetimiziň köptaraply öwüşginleri dünýä ýüzüne ýalkym saçýar. Has takygy, asyrlaryň jümmüşinden gözbaşyny alyp gaýdýan medeniýetimiz kämilleşýär, ösýär we özgerýär. Iň esasysy hem, ösen döwrüň talaplaryna laýyk bolmak bilen, gojaman taryha täze sahypalary ýazýar. Däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi, urp-adatlarymyzy, bir söz bilen aýdanymyzda, milli medeniýetimizi gaýtadan dikeldip, onuň döwrebap gülläp ösmegine uly badalga berildi. Häzirki ajaýyp döwrümizde milli mirasa uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde eziz Diýarymyzda taryhy, medeni gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmek üçin olary aýawly saklamakda, döwrebaplaşdyrmakda, kämilleşdirmekde uly tutumly işler amala aşyrylýar. Aslynda, türkmenler medeniýete, sungata uly sarpa goýup, aýdym-saza teşne bolup gelen halk. Bu babatda halypa-şägirtlik ýoluna hem uly üns berlip, milli mirasymyzy geljekki nesillere ýetirmekde uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynda Şükür bagşynyň sazyň gudraty bilen kynçylyklary ýeňip geçendigini, türkmen dutarynyň dost-doganlygy, parahatçylygy gorap saklamakda gudratly güýje eýe bolandygyny örän ýerlikli belleýär. Şunlukda, medeniýetiň, sungatyň ynsanlaryň dostanalygyny, agzybirligini, hoşniýetli gatnaşyklaryny gazanmakda hem ähmiýetiniň uludygyny açyp görkezýär. Aýdym-sazyň ýaňlanyp durmagynyň özi bagtyýarlykdan, döwletlilikden nyşandyr. Ata-babalarymyz «...Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýen pähimi ýöne ýere döretmändirler. Goýny 360 pirli Daşoguz topragy hem bu goşa toýuň şanyna kalby joşgunly bagşy-sazandalary bilen uludan toý tutýar. Medeniýet işgärleriniň hünär baýramçylygy hem-de akyldar şahyrymyzyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralaryň çawy çar ýanymyzy gurşap alýar. Onda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanýan, Magtymguly atamyzyň sözlerine döredilen aýdymlar has-da göwün göterijidir. Çünki nusgawy şahyrymyzyň eserleri diňe biziň halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň ruhy dünýäsine şugla saçýan şamçyragdyr, gymmatly hazynadyr. Şahyr atamyzyň erkin, Garaşsyz döwletli bolmak baradaky eden arzuwlary doly hasyl boldy. Geçen taryhy ýylymyz tutuşlygyna diýen ýaly şahyr atamyzyň hormatyna bagyşlandy. Ýagny 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda TÜRKSOÝ-a agza döwletler tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etmek hakynda Karar kabul edilipdi. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp goşgusynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» jümlesiniň ýylyň şygaryna öwrülmegi hem hemmeleri buýsandyrdy. Bu buýsançly ýylymyzda bolsa, ýurdumyzyň ähli künjeginde özüniň öçmez-ýitmez şygyrlary bilen köňüllerde baky orun alan Magtymguly atamyzyň şanyna bagyşlanan dürli medeni çäreleriň, döredijilik duşuşyklarynyň, maslahatlaryň ençemesi geçirildi. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy dünýä tanatmak we ony geljekki nesillere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn köňüllerden alkyş aýdýarys. Toýlary-toýa ulaşýan ýurdumyzda aýdym-sazyň şirin mukamy elmydama ýaňlanyp dursun!
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
No news available