Daşoguz-1°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Wagyz-nesihat duşuşyklary

24.06.2025
3
Wagyz-nesihat duşuşyklary

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, maşgala gymmatlygyny gorap saklamak we milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek boýunça «Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet» atly şygar bilen ähli etraplarda hem-de welaýat merkezimizde duşuşyklar geçirildi. Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyga mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şäheriň ähli edara-kärhanalarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda Daşoguz şäher häkiminiň orunbasary, şäher zenanlar bölüminiň başlygy Jennet Rejepowa, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Gülşat Atajanowa, Daşoguz şäherindäki 15-nji orta mekdebiň müdiri Ogulboldy Amanýazowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni Güljemal Nazarowa, Daşoguz şäherindäki 6-njy sport mekdebiniň direktorynyň orunbasary Ogulmeňli Jumaýewa, welaýat RÝNÝ bölüminiň baş hünärmeni Humaý Atakaýewa dagy çykyş etdiler. 
Çykyş edenler gadymdan gelýän ýörelgelerimiziň esasynda häzirki taryhy döwrümizde maşgala gatnaşyklaryny berkitmek babatdaky wezipeleriň döwrebap häsiýetde durmuşa geçirilýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, bagtyýarlygyny üpjün etmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Sagdyn maşgalany kemala getirmegiň jemgyýetiň sagdynlygyna oňyn täsirini ýetirýändigi, bu babatda maşgala gatnaşyklaryna degişli toplumlaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilýändigi, maşgalada ene-atanyň orny, onda terbiýelenýän çagalar bilen alnyp barylmaly işler barada birme-bir durlup geçildi. Häzirki wagtda döwlet tarapyndan maşgala bagtyýarlygyny üpjün etmek, maşgalanyň sagdynlygyny berkitmek, sagdyn nesliň kemala gelmegini gazanmak, ýaş maşgalalary goldamak bilen bagly belent tutumlaryň amala aşyrylýandygy, bu aladalara maşgalanyň berkligini gorap saklamak, kämil nesliň kemala gelmegini üpjün etmek bilen jogap bermelidigi dogrusynda ündeldi. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, ýurdumyzda bu ugurda döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak, ýaşlaryň oňa amal etmegini gazanmak, şunda zenanlaryň, eneleriň öňünde durýan borçlar barada bellenip geçildi. Halkyň abadan durmuşy, sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, beden hem ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek barada uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözleri aýdyldy. 
Şeýle mazmundaky maslahatlar Köneürgenç etrabynyň pagta egriji fabriginde, Saparmyrat Türkmenbaşy, Boldumsaz, Akdepe, Ruhubelent etraplarynyň medeniýet merkezlerinde hem ýokary guramaçylyk derejesinde we işjeň ýagdaýda geçirildi. 
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki habarlar

No news available

© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.